Nepomnýaşşiý bilen Ližen dünýäniň küşt täji ugrundaky birinji oýunda deňme-deň oýnady

  • 10.04.2023 13:57
  • 7.4k+

Küşt boýunça dünýäniň çempiony ady ugrunda russiýaly grossmeýster Ýan Nepomnýaşşiý bilen hytaýly Din Liženiň arasyndaky birinji oýun deňme-deňlikde tamamlandy. Duşuşyk Astanada geçdi.

Duşuşyk başlamazdan öň birinji simwoliki göçümi Gazagystanyň medeniýet we sport ministri Ashat Oralow we Halkara küşt federasiýasynyň (FIDE) prezidenti Arkadiý Dwarkowiç göçdi.
Russiýaly türgen aklarda oýnady.
Partiýa 49-njy göçümde tamamlandy. Birinji oýundan soň hasap — 0,5:0,5. Ikinji partiýa şu gün, 10-njy aprelde 14:00-da (aşg. wagty) başlanar. Bu gezek aklarda Ližen oýnar.
2022-nji ýylda dalaşgärleriň ýaryşynda ýeňiş gazanan Nepomnýaşşiý dünýäniň küşt täjini almak ugrunda ýaryşda Magnus Karlsen bilen duşuşmalydy. Emma norwegiýaly türgen titulyny goramakdan ýüz öwürdi. Karlsene derek ýaryşa dalaşgärler ýaryşynda ikinji orny eýelän Din Lien çykdy.
32 ýaşly Nepomnýaşşiý dünýäniň çempiony adyny almak ugrunda ýaryşa ikinji gezek gatnaşýar. 2021-nji ýylda ol 3,5:7,5 hasap bilen Karlsenden ýeňildi.

düýn 23:07
5.2k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
3.9k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
7k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
2k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......