Argentinanyň milli ýygyndysyny gutlamak dabarasynda Messiniň heýkeli görkezildi

  • 29.03.2023 11:19
  • 25k+

Günorta Amerikanyň Futbol konfederasiýasy (KONMEBOL) Lukede (Paragwaý) geçirilen 2022-nji ýylyň dünýä çempionlaryny gutlamak dabarasynda Lionel Messiniň heýkelini görkezdi. Bu barada KONMEBOL-yň resmi saýtyna salgylanyp, rsport.ria.ru habar berýär.

Dekabr aýynda Argentinanyň milli ýygyndysy 1986-njy ýyldan bäri ilkinji gezek dünýä çempiony boldy. Messi finalyň we tutuş ýaryşyň iň gowy oýunçysy diýlip saýlandy. Final oýnunda Argentinanyň ýygyndysy penalti tapgyrynda fransiýalylary utdy.
La Noche de las Estrellas (“Ýyldyzlar gijesi”) atly çärede Messi KONMEBOL-yň prezidenti Alehandro Domingesden milli topar bilen gazanylan kuboklaryň nusgalaryny, şeýle-de konfederasiýanyň muzeýinde Diego Maradonanyň we Peleniň heýkelleri bilen bir hatarda goýuljak hakyky ululygyndaky heýkeli aldy. Argentinanyň milli ýygyndysynyň beýleki oýunçylaryna indiwidual medallar we heýkeljikler gowşuryldy.
«PSŽ-de» çykyş edýän Messi ýedi gezek “Altyn topuň” eýesi boldy. Ol Argentinanyň milli ýygyndysynyň düzüminde Olimpiýa oýunlarynda (2008) we Amerikanyň kubogynda (2021) ýeňiş gazandy. Fewral aýynyň ahyrynda Messi FIFA-nyň 2022-nji ýylyň iň gowy oýunçysy üçin baýragyny aldy.


düýn 14:25
9.9k+

DÇ-2026-nyň 7-nji güni: Portugaliýanyň şowsuzlygy, Keýniň dubly we Özbegistanyň taryhy goly

Futbol boýunça Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň birinji tapgyry tamamlandy. Tapgyr köp garaşylmadyk netijelere baý boldy. Muny geçen oýun güni hem tassyklady....

düýn 09:54
1.4k+

«Milan» Ruben Amorimi baş tälimçi wezipesine belledi

Italiýanyň «Milan» futbol kluby portugaliýaly hünärmen Ruben Amorimi toparyň baş tälimçisi wezipesine belländigini resmi taýdan yglan etdi. Şertnamanyň möhleti barada klub takyk maglumat bermedi....

17.06.2026 13:03
15k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

17.06.2026 12:40
11k+

DÇ–2026-nyň 6-njy güni: Messiden het-trik we rekordlar, Mbappe we Holandyň dubly we birnäçe awtogol...

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň altynjy oýun güni öňki mundialyň finalçylary – Argentina we Fransiýa ýygyndylarynyň çempionata girişmegi bilen ýatda galdy....