MSCHF brendi iki tarapyndan geýip bolýan mýul krossowkalary çykardy

  • 27.03.2023 10:58
  • 23k+

MSCHF amerikan brendi birbada iki tarapdan geýip bolýan BWD atly geň krossowkalary çykardy. Bu barada Highsnobiety habar berýär diýip, rbclife.ru belleýär.

Aýakgabyň aýak üçin iki geýilýän ýeri bolup, bir tarapdan ol krossowka bolup hyzmat etse, beýleki bir tarapdan dabany ýarysyndan açýan sandala ýa-da mýula meňzeýär.
Modeliň dizaýny barada aýdylanda, bu ýerde hem brendiň adyny, hem köp sanly deriden reňkli goşundylary, reňk syçratgylary bilen asimmetrik aýakgap dabanyny we zolaklaryň şekillerini görmek bolýar. Täze aýakgap 12-nji aprelde satuwa çykar, takyk bahasy heniz belli däl.
MSCHF brendi 2016-njy ýylda bruklinli dizaýnerleriň topary tarapyndan esaslandyryldy. Ol käwagt uly dawalara we kazyýet işlerine sezewar bolan prowokasion aýakgap modelleri sebäpli meşhurlyk gazandy. Mysal üçin, kompaniýa adam gany we Nike logotipiniň şekili bilen Satan Shoes atly krossowka çykardy. Birnäçe wagtdan soň sport egin-eşikleri brendiniň wekilleri aýakgaby döretmäge hiç hili gatnaşyklarynyň ýokdugyny aýdyp, MSCHF-a garşy kazyýete arza berdiler. Bruklinli dizaýnerler krossowkany satuwdan aýyrmaga mejbur boldular.

düýn 23:07
5.2k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
3.9k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
7k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
2k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......