Hawi «Barselona» bilen şertnamasyny uzaldyp biler

  • 14.03.2023 10:06
  • 7.2k+

Ispaniýanyň çempionatynyň lideri «Barselona» Hawi ady bilen tanalýan baş tälimçi Hawýer Ernandes bilen şertnamany uzaldar. Täze şertnama 2026-njy ýylyň tomsuna çenli hereket eder.

«Barselona» we onuň baş tälimçisi Hawi Ernandes täze şertnama boýunça gepleşiklere başlady. Klub 43 ýaşly hünärmeniň oňyn jogabyna bil baglaýar.
TASS agentliginiň habaryna görä, Hawi öz klubunda işlemekden hoşal we şertnamany uzaltmaga razy bolar. Bu möwsümde «Barselona» onuň ýolbaşçylygynda Ispaniýanyň Superkubogyny aldy we La Ligada öňde barýar. Şeýle-de bolsa, katalonlylar ýewrokuboklary almak ugrundaky ýaryşlarda şowsuz çykyş edip, ilki Çempionlar ligasyndan, soň bolsa Ýewropa ligasyndan gaýtdylar.
Hawi Ernandes 1998-nji ýyldan 2015-nji ýyla çenli «Barselonada» ýarymgoragçy bolup oýnady we topar bilen 25 kubok gazandy. 2021-nji ýylyň dekabrynda Hawi baş tälimçi hökmünde katalon klubuna gaýdyp geldi.


düýn 15:58
7.9k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

düýn 13:42
4.5k+

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......

21.06.2026 15:42
8.1k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......

20.06.2026 20:28
14k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......