Ähli döwürleriň iň köp aýlyk alýan türgenleriň sanawy çap edildi

  • 11.03.2023 14:17
  • 20k+

Ähli döwürleriň iň köp aýlyk alýan türgenleriniň sanawy düzüldi. Sanawyň birinji setirinde ady rowaýata öwrülen Maýkl Jordan durýar, baýlygy 3,3 milliard dollar diýlip bahalandyrylýar diýip, «MIR 24» habar berýär.

Meşhur «Sportiko» žurnalynyň wersiýasy boýunça: boksçy, tennisçi, iki futbolçy, iki basketbolçy we dört golfçy - bular iň baý on türgen. Olar bilelikde 18 milliard dollardan gowrak girdeji gazandylar.
Ähli türgenleriň arasynda iň baýy basketbolçy Maýkl Jordan. Basketbol oňa 3,3 milliard dollaryň diňe az bölegini getirdi. Maýkl özboluşly telekeçi. NBA-da 15 möwsümiň içinde umumy girdejisiniň bary-ýogy 4%-ni  ol oýny bilen gazandy, bu  häkibir 90 million dollar. Galan girdejileri - öz egin-eşik hataryna, Liganyň paýnamalaryna we mahabat şertnamalaryna üstünlikli maýa goýumlaryndan geldi.

Döwürleriň iň baý türgenleriniň sanawynda ikinji we üçünji orunda iki golfçy - Taýger Wuds bilen Arnold Palmer durýar. Wuds sportyň taryhynda ilkinji bolup 1 milliard dollar girdejä ýetdi.
Dördünji setirde golfyň başga bir  rowaýaty türgeni Jek Niklaus durýar. Dört golfçynyň birbada ilkinji onluga girmegi tötänleýin däldir: oýunçylar esasy girdejilerini harytlary telekeçiler tarapyndan ulanylýan saýlama brendler bilen baglaşan mahabat şertnamalaryndan alýarlar. Olar hem öz gezeginde köp meseläni golf oýnunyň başynda çözýärler we şertnama baglaşýarlar.
Esasy futbol ýyldyzlary Kriştianu Ronaldu bilen Lionel Messi sport ugrundan jübüsi galyňlaryň sanawynda 5-nji we 7-nji orunda barýarlar.

düýn 23:07
5.4k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
4k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
7.1k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
2k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......