Sport “Oskaryna” dalaşgärler belli boldy

  • 22.02.2023 17:16
  • 24k+

“Pari Sen-Žermeniň” we Argentinanyň milli ýygyndysynyň futbolçysy Lionel Messi sport “Oskary” hem diýlip atlandyrylýan “Laureus” baýragyna dalaşgärleriň hataryna goşuldy. Bu barada baýragyň guramaçylyk komitetiniň resmi saýtyna salgylanyp, rsport.ria.ru habar berýär.

“Laureus” baýragy ýylyň jemi boýunça sport ugrunda gazanylan üstünlikler üçin berilýär. Messi “Ýylyň türgeni” nominasiýasynda dalaşgärleriň gysga sanawyna goşuldy. Onuň baýrak ugrundaky göreşde bäsdeşleri fransiýaly Kilian Mbappe, “Formula-1-iň” çempiony niderlandiýaly Maks Ferstappen, dünýä rekordynyň eýesi şwesiýaly ýeňil atletikaçy Arman Dýuplantis, ispaniýaly tennisçi Rafael Nadal we “Golden Steýt Uorriorzyň” amerikaly basketbolçysy Stefen Karri bolar.
Argentinanyň milli ýygyndysy “Ýylyň topary” nominasiýasynda baýrak üçin dalaşgär boldy. Futbol boýunça dünýä çempionlary bilen Angliýanyň futbol boýunça milli zenanlar ýygyndysy (Ýewropa çempiony), Fransiýanyň regbi ýygyndysy, MBA çempiony “Golden Steýt Uorriorz”, Ferstappeniň topary “Red Bull”, şeýle-de Çempionlar ligasynyň ýeňijisi Madridiň “Realy” bäsleşer.
“Ýylyň öňegidişligi” nominasiýasynda gysga sanawa tennisçi Ýelena Rybakina, dünýäniň öňki birinji raketkasy ispaniýaly Karlos Alkaras, Katardaky dünýä çempionatynyň ýarym finalçysy bolan Marokkonyň milli ýygyndysy, amerikaly figuraly typyjy Natan Çen, golfçy Skotti Şeffler (ABŞ) we nigeriýaly ýeňil atletikaçy Tobi Amusan girdi.
“Ýylyň zenan türgeni” nominasiýasynda “Barselonadan” ispaniýaly futbolçy Aleksiýa Putelýas, dünýäniň birinji raketkasy polşaly Iga Şwýontek, amerikaly suwda ýüzüji Keti Ledeki, amerikaly dag lyžaçysy Mikaela Şiffrin hem-de iki ýeňil atletikaçy – Ýamaýkadan Şelli-Enn Freýzer-Praýs we ABŞ-dan Sindi Maklaflin bar.
2021-nji ýylda ýürek durmasyny başdan geçiren “Mançester Ýunaýtediň” we Daniýanyň milli ýygyndysynyň ýarym goragçysy Kristian Eriksen “Ýylyň gaýdyp gelmesi” nominasiýasynda “Laureus” üçin bäsleşer. Onuň garşydaşlary amerikaly golfçy Taýger Wuds, amerikaly basketbolçy Kleý Tompson, italiýaly motosikl ýaryşyna gatnaşyjy Françesko Banýaýa, norwegiýaly ýeňil atletikaçy Ýakob Ingebrigtsen we niderlandiýaly welosport ýaryşyna gatnaşyjy Annemik wan Wlýoten bolar.


düýn 14:15
9.3k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

22.06.2026 15:58
12k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

22.06.2026 13:42
5.7k+

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......

21.06.2026 15:42
8.4k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......