Pawel Durow: Telegram WhatsApp-dan soň dünýäde ikinji messenjer boldy

  • 20.02.2023 12:17
  • 7.2k+

2022-nji ýylda Telegram Facebook Messenger-den öňe geçdi we WhatsApp-dan soň dünýäde ikinji ýerde iň meşhur messenjer boldy. Hyzmatyň ýolbaşçysy Pawel Durow bu barada öz telegram-kanalynda ýazdy.

"Telegram indi WhatsApp-dan soň ikinji ýerde durýar we her ýyl barha öňe saýlanýar - diýip ol habar berdi. - Bäsdeşlerimiz ýöne ýere biynjalyk bolanok".

Telekeçi «Fortune» žurnalynyň maglumatlaryna salgylanyp, Telegramyň 2018-nji ýylda dünýäniň messenjer bazarynyň 5 göterimini, Facebook Messenger-iň 43 göterimini, WhatsApp-yň 51 göterimini eýeleýändigini aýtdy.
Bäş ýyldan soň Telegram 31 göterim, Facebook Messenger 21 göterim boldy. Şol bir wagtyň özünde WhatsApp-yň paýy 44 göterime çenli azaldy.

düýn 22:03
1.1k+

Belgiýada çarlaklaryň sesine öýkünmek boýunça bäsleşik geçirildi

Belgiýanyň De-Panne şäherçesinde her ýyl däp bolan ýewropa bäsleşiginiň nobatdaky sany geçirildi. Bu gezek gatnaşyjylar çarlaklaryň sesine iň ökde öýkünmek ugrunda bäsleşdiler. Oňa Ýewropanyň 16 ýurdundan......

düýn 19:50
1.3k+

Uçuda tarap ädim: Londonda Benksiniň goly çekilen täze heýkel peýda boldy

29-njy aprelde Londonyň taryhy merkezindäki Waterloo meýdançasynda täze bir heýkel peýda boldy. Onuň sütüninde dünýä belli anonim köçe suratkeşi Benksiniň goly goýlupdyr....

düýn 19:23
2.5k+

Teýlor Swift emeli aňdan goranmak üçin sesini we keşbini haryt nyşany hökmünde hasaba aldyrýar

Meşhur aýdymçy Teýlor Swift ABŞ-nyň Patentler we haryt nyşanlary edarasyna haryt nyşanlaryny hasaba aldyrmak üçin üç sany arza tabşyrdy diýip, Variety neşiri habar berýär....

düýn 18:37
1.1k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Tokiodaky “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara forumyna gatnaşdy

27–29-njy aprel aralygynda Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde geçirilen “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara innowasion forumyna Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň wekillerinden ybarat wekiliýet gatnaşdy.......