2022-nji ýylyň iň köp tomaşa edilen serialy anyklandy

  • 16.02.2023 12:39
  • 32k+

Netflix kompaniýasynyň “Uensdeý” (“Wednesday”) serialy meşhurlygy boýunça HBO-nyň “Aždarhanyň öýi” serialyndan öňe geçdi. Bu barada burninghut.ru habar berýär. Hünärmenler serialyň bu üstünligini täsin galdyryjy diýip bellediler. Şeýle tomaşa sanyny heniz hiç bir şou ýygnamandy.

Samba TV kompaniýasynyň hasabatyna görä, adatça seriallar ekrana çykanlaryndan soň diňe ilkinji iki hepdede tomaşaçylaryň ünsüni çekýärler. Ýöne “Uensdeý” bilen ýagdaý başgaça boldy. “Addams maşgalasynyň” spin-offy iki hepdäniň dowamynda Netflix-iň ähli abunaçylarynyň umumy sanynyň 66%-ini özüne çekdi we ýene uzak wagtlap seriallaryň öňünde durmagy başardy. Premýerasyndan soň birnäçe aýyň geçendigine garamazdan häli-häzirem bu serial ýatlanylýar we gürrüň edilýär.
Şeýle üstünlige “Aždarhanyň öýi” hem ýetdi. 40 günüň dowamynda teleserial tomaşa sany boýunça iň gowularyň reýtinginde öňdebaryjy orunlary eýeledi.
Samba TV “Uensdeýiň” üstünligini onuň sosial ulgamlarda “wirusa” öwrülip, ýaş auditoriýany özüne çekendigi bilen baglanyşdyrýar. Jenna Orteganyň meşhur tansy TikTok-da esasy trend boldy. Sosial ulgamyň ulanyjylary aktrisanyň obrazyny we hereketlerini gaýtalap, milliondan gowrak wideo ýazgy etdiler.

düýn 22:03
1.1k+

Belgiýada çarlaklaryň sesine öýkünmek boýunça bäsleşik geçirildi

Belgiýanyň De-Panne şäherçesinde her ýyl däp bolan ýewropa bäsleşiginiň nobatdaky sany geçirildi. Bu gezek gatnaşyjylar çarlaklaryň sesine iň ökde öýkünmek ugrunda bäsleşdiler. Oňa Ýewropanyň 16 ýurdundan......

düýn 19:50
1.3k+

Uçuda tarap ädim: Londonda Benksiniň goly çekilen täze heýkel peýda boldy

29-njy aprelde Londonyň taryhy merkezindäki Waterloo meýdançasynda täze bir heýkel peýda boldy. Onuň sütüninde dünýä belli anonim köçe suratkeşi Benksiniň goly goýlupdyr....

düýn 19:23
2.5k+

Teýlor Swift emeli aňdan goranmak üçin sesini we keşbini haryt nyşany hökmünde hasaba aldyrýar

Meşhur aýdymçy Teýlor Swift ABŞ-nyň Patentler we haryt nyşanlary edarasyna haryt nyşanlaryny hasaba aldyrmak üçin üç sany arza tabşyrdy diýip, Variety neşiri habar berýär....

düýn 18:37
1.1k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Tokiodaky “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara forumyna gatnaşdy

27–29-njy aprel aralygynda Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde geçirilen “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara innowasion forumyna Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň wekillerinden ybarat wekiliýet gatnaşdy.......