Garet Beýl professional golfçy hökmünde karýerasyna başlaýar

  • 26.01.2023 15:47
  • 15k+

Madridiň “Realynyň” öňki oýunçysy Garet Beýl professional golf oýunçysy hökmünde karýerasyna başlaýar. Bu barada Uelsiň milli ýygyndysynyň öňki lideri sosial ulgamlarda habar berdi. Muny sputnik.by ýetirýär.

“Size indiki aýyň başynda AT&T Pebble Beach Pro-Am ýaryşynda oýnajakdygymy habar bermäge şat” – diýip, Beýl Instagramda ýazdy.

Ýatlap geçsek, ýanwar aýynda 33 ýaşly Beýl futbol karýerasyny tamamlaýandygyny mälim edipdi.
Ýeri gelende bellesek, uelsli türgen diňe bir “Realdaky” oýunlary bilen däl, eýsem golfa bolan söýgüsi bilen hem tanalýar. Ol köplenç klubuň oýunlaryna taýýarlanman, golf oýnamaga köp wagt sarp edýändigi üçin klubuň janköýerleri tarapyndan tankytlanýardy. Ýewro-2020-e çykylmagyny Beýl Uelsiň “Uels. Golf. Madrid. Şu tertipde” ýazgyly baýdagy bilen belledi. Katarda geçirilen dünýä çempionatynda bolsa Uelsiň milli ýygyndysynyň tälimçilik ştaby oýunça diňe futbola üns bermegi üçin golf oýnamagy gadagan etdi.
“Realyň” düzüminde Beýl Çempionlar ligasynyň bäş gezek ýeňijisi, Ispaniýanyň üç gezek çempiony, ýurduň Kubogynyň we Super kubogynyň eýesi, UEFA-nyň Super kubogynyň iki gezek eýesi boldy, dört gezek Klublaýyn dünýä çempionatynda ýeňiş gazandy.

düýn 23:07
5.4k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
4k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
7.1k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
2k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......