Tatarystanda 6212 sany türkmen talyby ýokary bilim alýar — Rustam Minnihanow

  • 21.01.2023 08:29
  • 22k+

Aşgabada iş saparynyň çäklerinde RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşdy.

Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, Türkmenistana nobatdaky gezek gelip görmek we ýurtda geçirilýän möhüm çärelere, şol sanda Ahal welaýatynyň baş metjidiniň düýbüni tutmak çäresine gatnaşmak mümkinçiligine örän şatdygyny aýtdy.
Söhbetdeşligiň barşynda türkmen-tatar gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy hem-de hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary barada içgin pikir alyşmalar boldy. Türkmenistanyň Tatarystanyň iri kompaniýalary bilen köpýyllyk özara bähbitli hyzmatdaşlygy bar bolan mümkinçilikleri netijeli peýdalanmagyň aýdyň mysalydyr.
Birnäçe ugurlar, hususan-da, ýangyç-energetika toplumy, ulag, dokma senagaty, oba hojalygy, maşyn we gämigurluşyk ulgamlary boýunça hyzmatdaşlyk köpugurly türkmen-tatar gatnaşyklarynda aýratyn orny eýeleýär.
Tatarystanyň Prezidenti şeýle hem medeniýet, ylym we bilim ulgamlarynda türkmen-tatarystan gatnaşyklarynyň ösdürmegiň wajyplygyny belledi.

«Häzirki wagtda Tatarystanyň ýokary okuw mekdeplerinde 6212 sany türkmen talyby bilim alýar. Bu örän uly san. Biziň uniwersitetlerimiz türkmenistanly talyplaryň yhlaslylygyny belleýärler» - diýip, Minnihanow belledi.


düýn 11:41
3.2k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

düýn 11:35
3.1k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.8k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.6k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......