Dünýäniň küşt täji ugrundaky ýaryş aprel aýyna meýilleşdirildi

  • 11.01.2023 23:30
  • 4.7k+

Halkara küşt federasiýasy (FIDE) küşt ýylynyň esasy wakasynyň senesini resmi saýtyndaky wakalar senenamasynda belledi.

Russiýanyň grossmeýsteri Ýan Nepomnýaşşiý bilen Hytaýyň wekili Din Liženiň arasynda 17-nji dünýä çempiony diýen ady almak ugrundaky bäsleşik 7-30-njy aprelde geçiriler, çäräniň takyk geçiriljek ýeri entek resmi taýdan yglan edilmedi. Ondan öň FIDE-niň prezidenti Arkadiý Dworkowiç Meksikany ileri tutulýan ýer diýip agzapdy.
Ýan Nepomnýaşşiý dalaşgärler ýaryşynyň häzirki ýeňijisidir. Bäsleşikde hytaýly grossmeýster Din Ližen ikinji ýeri eýeläpdi.
Häzirki dünýä çempiony norwegiýaly Magnus Karlsen dünýäniň küşt täji ugrundaky ýaryşa gatnaşmakdan ýüz öwürdi.

düýn 23:07
5k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
3.8k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
6.8k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
2k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......