Türkmenistan Aziýanyň parlament assambleýasynyň Antalýadaky mejlisine gatnaşýar

  • 09.01.2023 17:46
  • 10k+

Dünýäniň 27 ýurdundan, şol sanda Türkmenistandan parlament wekiliýetleriniň gatnaşmagynda 8-10-njy ýanwar aralygynda Antalýada Aziýanyň parlament assambleýasynyň (APA) XIII plenar sessiýasy geçirilýär diýip, ORIENT agentligi habar berýär.

Sessiýanyň mowzugy — «Üýtgeýän halkara dinamikasynda köptaraplaýynlygy öňe sürmek».
Ara alyp maslahatlaşmalar APA-nyň Baş sekretary Muhammet Reza Majidiniň we türk spikeri Mustafa Şentopyň çykyşlary bilen açyldy.
Umumy mejlisden başga-da, APA-nyň hemişelik komitetleriniň mejlisleri hem geçiriler, onda kararlaryň taslamalaryna serediler we ahyrynda beýannama kabul ediler, bu barada Türkiýäniň Beýik milli ýygnagynyň saýtynda habar berilýär.
Aziýanyň parlament assambleýasy (APA) 2006-njy ýylda Eýranyň Tähran şäherinde geçirilen Aziýanyň parahatçylyk ugrundaky Parlamentler Assosiasiýasynyň (APAM) ýedinji mejlisinde döredildi


düýn 19:38
2.9k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......