Türkmenistanda dalaşgärlere harby çagyryşy yza süýşürmäge hukuk berýän Kanun çap edildi

  • 30.11.2022 18:51
  • 67k+

Türkmenistanda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine ýüz tutýan dalaşgärlere harby gulluga çagyryş möhletini yza süýşürmäge mümkinçilik berýän «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna girizilen goşmaçalar şu gün Türkmenistanyň resmi metbugatynda çap edildi.

Kanunyň tekstinde bellenilişi ýaly, harby gullugy yza süýşürmeklik «umumy bilim edaralaryny we ýörite bilim edaralaryny tamamlan ýylynda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine we daşary ýurtlara giriş synaglaryna gatnaşmaga isleg bildirýänlere degişlidir».
Şeýlelik bilen, harby gullugy yza süýşürmek baradaky bu goşmaça, ýaňy orta mekdebi tamamlan, ýokary ýa-da orta hünär okuw mekdeplerine girmek isleýän ýaşlara degişlidir. Bilim edaralary Türkmenistanyň çäginde we daşary ýurtlarda ýerleşip biler.


12.06.2026 18:22
9k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

12.06.2026 17:00
4.1k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......

10.06.2026 18:39
4.1k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......

08.06.2026 15:19
6.5k+

Türkmenistanda howa maglumaty: hepdäniň başy we ahyry ýagyşly bolar

Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy Türkmenistanda şu hepde (8–14-nji iýun) bolmagyna garaşylýan howa barada maglumat berdi....