Argentinanyň milli ýygyndysynyň meşhur oýunçysy DÇ-2022-niň faworitlerini aýtdy

  • 07.11.2022 14:28
  • 18k+

Argentinanyň milli ýygyndysynyň öňki oýunçysy Karlos Tewes Katarda geçiriljek dünýä çempionatynda ýeňiş gazanmak üçin esasy dalaşgärleri aýtdy. Bu barada novosti.kg habar berýär.

“Ýeňiş üçin esasy dalaşgär Argentina. Biziň ählimiz milli ýygyndydan hoşaldyrys. Bu oglanlar ählimizi tolgundyrdy. Topar hem örän deňagramly. Islendik oýunda Argentina öz oýnuny öňe sürüp biler.
Ýöne Braziliýanyň ýygyndysy hem bar – Neýmaryň başda durmagynda bu toparyň hem ýeňiş gazanmaga mümkinçiligi uly. Fransiýanyň milli ýygyndysy-da şikes alanlar bar bolsa-da örän güýçli. Uly ýaryşlarda hemişe faworitleriň arasynda bolan Ispaniýany hem ýatdan çykarmak bolmaz. Ýewropa örän güýçli” – diýip, TyC Sports onuň sözlerini getirýär.

Dünýä çempionaty bäş şäherdäki sekiz stadionda geçiriler. Final oýny “Milli stadionda” bolar. Dünýä çempionatynda Argentinanyň milli ýygyndysy Meksikanyň, Saud Arabystanynyň we Polşanyň toparlary bilen oýnar.


düýn 23:41
1.2k+

Infantino 16 günde 27 gezek uçuş edip, dünýä çempionatynyň 24 oýnuna gatnaşdy

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino dünýä çempionatynyň 16 gününiň dowamynda 27 sapar uçuş etdi we 24 oýna gatnaşdy. «BBC Sport-yň» hasaplamalaryna görä, şol döwürde ol howada 66 sagatdan gowrak wagt geçirdi,......

düýn 13:41
8.7k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

düýn 12:43
6.7k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......

27.06.2026 13:51
10k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......