Instagram ulanyjylaryň sany 2 milliarda ýetdi

  • 30.10.2022 13:20
  • 6.1k+

Instagram sosial ulgamynyň bir aýdaky işjeň ulanyjylarynyň sany tutuş dünýä boýunça 2 mlrd akkaunta ýetdi. Bu barada Bloomberg agentligi Meta-nyň girdejileri we ýitgileri baradaky hasabata salgylanyp habar berýär diýip, forbes.ru belleýär.

Agentligiň belleýşi ýaly, Instagram-da aýdaky işjeň ulanyjylaryň sany 2,96 mlrd ulanyjysy bolan Facebook-yň görkezijilerine ýakynlaşýar. Sosial ulgam bir aýda 1 mlrd işjeň ulanyjy belligine 2018-nji ýylda ýetdi we şondan bäri iň uly özgerişlikleriň birini başdan geçirdi. Mysal üçin, platforma maslahatlar algoritmi birleşdirildi hem-de Reels gysga wideolar serwisi işe girizildi.
Hasabata görä, WhatsApp messenjerini her aýda 2 milliarddan gowrak ulanyjy ulanýar. Meta-nyň sosial ulgamlarynyň her aýdaky ulanyjylarynyň umumy sany tutuş dünýä boýunça 3,71 milliarda barabardyr.
Öň, “The Wall Street Journal” Instagram-da Reels wideolar bölüminiň Hytaýyň TikTok platformasy bilen deňeşdirilende eksklýuziw mazmuny döredýän işjeň ulanyjylary ýeterlik derejede çekmeýändigini habar berdi. Ýagny, ähli ýüklenen Reels wideolarynyň üçden biri diýen ýaly beýleki serwislerde döredilen roliklerdir. Umumy alanyňda, Instagram ulanyjylary Reels görmek üçin günde 17,6 mln sagat sarp edýärler – bu TikTok ulanyjylaryň her gün platformada geçirýän 197,8 mln sagadynyň ondan birinden hem azdyr.


09.05.2026 00:32
10k+

Ronaldu we Messi Instagram-da millionlarça agzasyny ýitirdi

Meta kompaniýasy tarapyndan görlen berk çäreler Kriştianu Ronaldu, Lionel Messi we Kilian Mbappe ýaly futbol ýyldyzlarynyň sosial ulgamlarda esli agzasyny ýitirmegine getirdi....

07.05.2026 00:06
2.5k+

Pişik söýüjileriň bäsleşigi yglan edildi: gatnaşyjylar öz öý haýwany barada gürrüň bermeli

Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) Türkmenistandaky wekilhanasy Instagram sosial ulgamynda täze döredijilik bäsleşigini yglan etdi....

05.05.2026 15:24
908

Instagram-y döredijiler pursatlary paýlaşmak üçin täze goşundy döretdiler

Instagram-a we Facebook-a eýelik edýän Meta kompaniýasy diňe bir gezeklik görlüp, soň bolsa öçýän suratlar arkaly habarlaşmak üçin niýetlenen täze Instants goşundysyny tanyşdyrdy....

10.04.2026 19:09
3.3k+

Instagram basym Reels-e linkleri goşmak mümkinçiligini elýeterli etmekçi

Instagram täze funksiýany - Reels wideolaryna hyzmatdaşlyk linklerini goşmak mümkinçiligini elýeterli etjekdigini duýdurdy. Bu barada resmi Creators akkaundy yglan etdi....