Lionel Messi sporta we tehnologiýa maýa goýmak üçin Play Time kompaniýasyny esaslandyrdy

  • 22.10.2022 15:52
  • 8.9k+

Futbol ýyldyzy, “Pari Sen-Žermen” klubunyň hüjümçisi Lionel Messi tutuş dünýä boýunça sporta, KHBS-e we tehnologiýa maýa goýmak üçin Play Time holding kompaniýasyny esaslandyrdy. San-Fransiskoda ýerleşýän bu kompaniýa “Messiniň esasy maýa goýum guralyna öwrüler”.

Maýa goýum kompaniýasy durmuşa geçirmegiň dürli tapgyrynda bolan taslamalara maýa goýar, mysal üçin, faunderlere futbol-tehnologiýa kompaniýalaryny döretmäge ýa-da toparlara maýa goýmaga kömek eder diýip, Bloomberg agentligi habar berýär. Muny incrussia.ru ýetirýär.

“Men Kremniý ýaýlasynda kökümizi giňeldýändigimize şat we men Play Time-yň dünýäniň dürli künjeginden batyrgaý telekeçiler bilen hyzmatdaşlyk etjekdigine begenýärin” – diýip, Messi aýdýar. Göz öňünde tutulýan maýa goýumlaryň möçberi habar berilmeýär.

Play Time kompaniýasyny Graph Ventures kompaniýasynyň hyzmatdaşy Razmig Owagimýan dolandyrar, ýörite maslahatçy Code Advisors LLC maýa goýum bankyny esaslandyryjy hyzmatdaş Maýkl Markes bolar.
Kompaniýanyň ilkinji goşandy noýabr aýynda futbol boýunça dünýä çempionaty başlanmazdan öň işe girizilmegi meýilleşdirilýän Matchday.com taslamasyna maýa goýum bolar. Onuň esaslandyryjysy – Owagimýan. Holding AC Momento futbol startapynda hem paýa eýedir.


düýn 14:15
7.9k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

22.06.2026 15:58
12k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

22.06.2026 13:42
5.7k+

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......

21.06.2026 15:42
8.4k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......