Lebapda açylan senetçilik festiwaly daşary ýurtlardan wekilleri bir ýere jemledi

  • 13.10.2022 08:21
  • 4.9k+

12-nji oktýabrda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde «Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwalyň dabaraly açylyşy boldy.

“Türkmeniň ak öýi” binasynyň öňündäki meýdançany baýramçylyk ruhy gurşap aldy. Onda ýurdumyzyň gündogar sebitiniň döredijilik toparlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Halkara festiwalyň dabaraly açylyşy ajaýyp konsert zalynda boldy. Bu ýere ýurdumyzyň Hökümet agzalary, medeniýet ulgamynyň, şäher hem-de welaýat häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri, hormatly ýaşulular, Türkmenabat şäheriniň ýaşaýjylary we myhmanlary ýygnandylar. Foruma daşary ýurtlardan gatnaşyjylaryň hatarynda Gazagystandan, Özbegistandan, Eýrandan, Türkiýeden, Koreýa Respublikasyndan, Latwiýadan medeniýet ulgamynyň wekilleri, suratkeşler, senetçiler bar.
Medeni forumyň dabaraly açylyşy Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň artistleriniň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň döredijilik toparlarynyň ýerine ýetiren “Türkmenistan — dost-doganlygyň mekany” atly aýdym-sazly edebi kompozisiýasy bilen dowam etdi. Soňra sahnada estrada aýdymçylarynyň we döredijilik toparlarynyň ýerine ýetirmeginde aýdym-sazly, tansly çykyşlar görkezildi.
Türkmen aýdymçylarynyň hem-de Lebap welaýatynyň sazandalar toparynyň festiwala gatnaşyjy ýurtlaryň — Gazagystanyň, Eýranyň, Latwiýanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň meşhur aýdymdyr sazlaryny, tans kompozisiýalaryny şol ýurtlaryň dillerinde ýerine ýetirmegi daşary ýurtly myhmanlar we tomaşaçylar üçin hakyky baýramçylyk sowgady boldy.
Festiwalyň çäreleri günüň ikinji ýarymynda Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde dowam etdi. Bu ýerde amaly-haşam sungatynyň eserleriniň, senetçilik işleriniň sergisi açyldy.
Festiwala gatnaşyjylar muzeýde ýaýbaňlandyrylan sergi bilen tanyşdylar. Bu ýerde amaly-haşam sungatynyň eserleri, gap-gaçlar we heýkeller, şekillendiriş sungatynyň, halk senetçiliginiň ussatlarynyň işleri, şol sanda halylar, keçeler, palaslar, gobelen önümleri, gaýyşdan we deriden taýýarlanan önümler, milli egin-eşikler, tikin işleri, owadan kümüş şaý-sepler, saz gurallary, türkmenleriň durmuşynda ulanylan beýleki adaty serişdeler köpdürlüligi bilen görkezildi.
Agşam myhmanlar Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda «Gyzyl kürte» atly çeper filmi görmäge çagyryldy. Çeper filmdäki wakalar 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy döwrüniň anyk pursatlaryna esaslanypdyr. Şu gün  «Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwalyň çäklerinde Lebap welaýat kitaphanasynda «Adaty senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly ylmy-amaly maslahat geçiriler.


şu gün 06:45
137

Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty: hepdäniň ortasynda ýagyş ýagar (01.12 - 07.12)

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi. Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ortasynda az-kem ýagyş ýagar...

24.11.2025 06:55
9.4k+

Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty: maýyl howa saklanýar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi. Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda az-kem ýagyş ýagar...

18.11.2025 11:31
10k+

Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty (17.11 - 23.11)

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi. Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda az-kem ýagyş ýagar...

11.11.2025 01:14
8.7k+

Türkmenistanda howa +20 gradusa çenli maýlar

Şu hepdäniň dowamynda Türkmenistanda maýyl howa bolar. Ýakyn günlerde ýagyn bolmaz diýlip çaklanylýar. Gündizlerine howanyň temperaturasy +20 gradusa çenli maýyl bolar. Aşgabatda az bulutly howa bolup, howa gündizlerine +18...