“Barselona” Messiniň heýkelini oturdar

  • 11.10.2022 15:42
  • 17k+

Ispaniýanyň “Barselona” futbol kluby toparyň öňki hüjümçisi argentinaly Lionel Messiniň heýkelini oturdar. Bu barada klubuň prezidenti Žoan Laporta aýtdy diýip, sport-interfax.ru habar berýär.

“Biz “Kamp Nounyň” çäginden daşary Leo Messiniň heýkelini dikeris. Çözgüt kabul edildi” – diýip, “Goal” Laportanyň sözlerini getirýär.

2021-nji ýylyň tomsunda Messiniň Ispaniýanyň futbol çempionatyndaky klublar üçin hereket edýän maliýe düzgünleri sebäpli “Barselona” kluby bilen täze şertnama baglaşyp bilmändigi üçin klubdan gidýändigi habar berildi. Soňra Messi “PSŽ” bilen şertnama baglaşdy.
35 ýaşly Messi “Barselonada” 2004-nji ýyldan çykyş edip başlady. Katalon klubunyň düzüminde ol otuzdan gowrak ýaryşda, şol sanda Çempionlar ligasynda ýeňiji boldy, ýedi gezek “Altyn topuň” eýesi boldy.


düýn 14:15
7.9k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

22.06.2026 15:58
12k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

22.06.2026 13:42
5.7k+

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......

21.06.2026 15:42
8.4k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......