Sambo boýunça 2023-nji ýylyň Dünýä çempionaty Müsürde geçer

  • 08.10.2022 22:20
  • 6.3k+

2023-nji ýylyň sambo boýunça dünýä çempionatyny Müsür kabul eder diýip, Sambonyň halkara federasiýasynyň (FIAS) metbugat gullugy habar berýär.

Degişli karar Sambonyň halkara federasiýasynyň ýerine ýetiriji komitetiniň agzalary tarapyndan kabul edildi.
Turnir 2023-nji ýylyň 10-12 noýabry aralygynda geçer.
Halkara senenamasynyň taslamasyna laýyklykda, Ýewropanyň sambo boýunça çempionaty we ýaşlar birinjiligi aprel aýynda Ysraýylda birbada birnäçe ýaş kategoriýalary boýunça geçer: kadetler, ýetginjek oglanlar we gyzlar, ýunior oglanlar we gyzlar, şeýle hem ulular: erkekler, aýallar we söweş sambosy.
2023-nji ýylyň kenar sambosy boýunça dünýä çempionaty Dominikan Respublikasynda awgust aýynda geçer. Şol wagtda Dominikan Respublikasynda Panamerikanyň çempionaty hem bolar.
2023-nji ýylyň Afrika çempionaty maý aýynda Marokkoda geçer.
Iýun aýynda Aziýanyň we Okeaniýanyň çempionaty geçer, turniriň geçiriljek ýeri — Gazagystan.
2023-nji ýylda üç sany Dünýä çempionatyny geçirmek meýilleşdirilýär.
Olar Dominikan Respublikasynda, Gyrgyzystanda we Serbiýada geçer. Şeýle hem ýylyň dowamynda dürli ýurtlarda yklym kuboklary we halkara turnirler geçiriler.

düýn 23:07
4.6k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
3.5k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
6.6k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.9k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......