Gurbanguly Berdimuhamedow: “Si Szinpin döwrüň iň görnükli döwlet işgäridir”

  • 03.10.2022 12:18
  • 14k+

Hytaýyň «Ženmin Žibao» gazetinde çap edilen makalasynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow: “Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň döwlet dolandyryşyndaky ornuna baha bermek aňsat däl. Elbetde, ol häzirki döwrüň iň görnükli, giň gözýetimli döwlet işgäri we syýasatçysy bolup durýar” diýip, Si Szinpiniň alyp barýan syýasatyna ýokary baha berdi.

“Hytaý halkynyň taryhynda tutuş bir döwür Si Szinpiniň ady bilen baglanyşyklydyr. Bu döwür häzirki Hytaýyň syýasy, ykdysady hem-de tehnologik kuwwatyny görkezýär. Ol yzygiderlilige, berklige esaslanyp, halkara giňişlikde ýurduň milli bähbitlerini goraýar. Beýleki döwletler bilen özara gatnaşyklarda jogapkärçiligi, öňdengörüjiligi babatda tapawutlanýar” diýip,  Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyna Türkmenistan bilen strategik hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşýan bahasyna ýetip bolmajak goşandy, biziň ýurdumyz bilen gatnaşyklar baradaky hemişelik aladasy we ünsi üçin çäksiz minnetdarlyk bildirdi.

Makalada nygtalyşy ýaly, Başlyk Si Szinpiniň «Adamzadyň bitewi ykbalynyň Bileleşigini gurmak» konsepsiýasynda Hytaýyň we Türkmenistanyň bitewi ykbal Bileleşiginiň bolmagy hem kanuny ýagdaýdyr. Bu örän giň we çuňňur kesgitlemedir. Munuň özi döwletlerimiziň öz strategik ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemekde umumylygyny görkezýär. Ol deňhukuklylyga, hormat goýmaga, gatyşmazlyga, bütin adamzadyň ykbaly üçin her bir ýurduň jogapkärçiligine esaslanýan düşnükli we üýtgewsiz ýörelgeleri ykrar etmek esasynda adalatly dünýä gurluşyny döretmekde çemeleşmeleridir maksatlary beýan edýär.


düýn 19:38
2.8k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......