Serdar Berdimuhamedow Aşgabatda Tatarystanyň Prezidenti bilen duşuşdy

  • 27.09.2022 08:47
  • 7.9k+

26-njy sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen duşuşdy. Myhman şu baýramçylyk günlerinde Aşgabada gelip görmek mümkinçiligine örän şatdygyny nygtady.

Döwlet Baştutany Tatarystandaky dostlarymyzyň şatlygymyzy paýlaşmaklarynyň, ýurdumyzyň baş baýramyna bagyşlanan çärelere gatnaşmaklarynyň örän ýakymlydygyny belledi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky netijeli döwletara gatnaşyklaryň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän hem-de ugurlaryň giň gerimini öz içine alýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meseleleri boýunça pikir alşyldy. Şunda türkmen hem-de tatar halklaryny taryhyň dowamynda kemala gelen medeni, ruhy gymmatlyklaryň, nesilden-nesle geçip gelýän özboluşly däpleriň umumylygynyň birleşdirýändigi bellenildi.
Söhbetdeşligiň dowamynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky köpýyllyk gatnaşyklar netijeli özara bähbitli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysalydyr. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gün tertibinde söwda-ykdysady gatnaşyklara möhüm orun berilýär. Hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň ugurlary kesgitlenildi, işewür düzümleriň ugry boýunça göni gatnaşyklar depginli ösdürilýär.
Tatarystanyň işewür toparlary geljegi uly türkmen bazaryndaky öz orunlaryny pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýärler.


20.06.2026 11:41
4k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.9k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

18.06.2026 12:31
5.9k+

Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynda galla oragynyň barşy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitde dowam edýän galla oragynyň barşy bilen tanyşdy. Bu barada TDH habar berýär....

02.05.2026 08:13
2.7k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......