Global haryt dolanyşygy iýul aýynda birden pese gaçdy

  • 23.09.2022 11:23
  • 3.6k+

Iýul aýynda global söwda akymlary iki aýlyk ösüşden soň birden pese gaçdy, bu energiýa göterijileri üçin bahalaryň ýokary bolmagy we öý hojalyklarynyň satyn alyjylyk ukybyny peseldýän göterim goýumlarynyň ýokarlanmagy esasynda harytlara bolan islegiň gowşandygyny görkezýär diýip, The Wall Street Journal habar berýär. Global haryt dolanyşygynyň deslapky görkezijisi geçen aýa degişlilikde möwsümleýin düzedilişi göz öňünde tutmak bilen 2,8% pese gaçdy diýip, kapital.kz belleýär.

Geçen iki aýyň dowamyndaky ösüş COVID-19 sebäpli girizilen lokdaunlar ýatyrylandan soň Hytaýyň kärhanalarynda we portlarynda işjeňligiň gaýtadan dikeldilmegi bilen baglanyşyklydyr.
Öý hojalyklarynyň isleginiň gowşamagy şu ýylyň ahyryna çenli we indiki ýyl söwda akymlaryny togtadar. Dünýä boýunça satyn alyş menejerleriniň pikir soraşmasy eksport sargytlarynyň geçen aý pese gaçmagyny dowam etdirendigini we onuň iýul aýyna garanyňda has çalt depgin bilen bolandygyny görkezdi diýlip, makalada bellenilýär.
Şol bir wagtyň özünde iýul aýynda global haryt dolanyşygynyň görkezijisi 2021-nji ýylyň degişli aýy bilen deňeşdirilende 7,3% ýokarlandy.
Deslapky görkezijileri hasaplamak üçin WSJ dünýäniň alty sebitindäki sekiz ýurtdan alynýan maglumatlary ulanýar. Bütindünýä söwda guramasynyň maglumatlaryna görä, umumylykda 2019-njy ýylda bu ýurtlara baha aňlatmasynda harytlaryň global eksportynyň 39,1%-i düşdi. Beýleki döwletleri hasaba almak üçin WSJ her bir sebitiň paý ululygyna baglylykda masştablama koeffisiýentini ulanýar.

düýn 09:38
7.2k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny Gadyr gijesi bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow musulman dünýäsiniň iň mukaddes gijeleriniň biri bolan Gadyr gijesiniň öňüsyrasynda türkmen halkyna öz gutlag hatyny iberdi. Gutlagyň doly teksti TDH tarapyndan çap edildi...

14.03.2026 20:47
9.4k+

Trampyň administrasiýasy TikTok-y ABŞ-da «oturdandygy» üçin 10 mlrd dollara garaşýar

Hytaýyň TikTok sosial ulgamynyň ABŞ-daky işini kanunlaşdyrmak zerurlygy bilen bagly mesele Donald Trampyň ikinji prezidentlik möhletiniň başyndan bäri dowam edip gelýärdi. Köp sanly yza süýşürmelerden soň, taraplar ahyrynda TikTok-yň amerikan biznesini «oturtmak», ýagny hyzmata gözegçiligiň bir bölegini amerikan maýadarlaryna bermek barada şertnama baglaşdy...

14.03.2026 15:33
2.9k+

Beýik Britaniýa asylzadalaryň parlamentde miras boýunça orun almak düzgünini ýatyrdy

Beýik Britaniýanyň parlamenti mirasdar perleriň (asylzadalaryň) Lordlar palatasynda oturmak hukugyny ýatyrýan kanun taslamasyny tassyklady. Bu karar mundan 25 ýyl ozal başlanan parlament reformasyny doly tamamlaýar...

14.03.2026 10:01
961

Pekinde Türkmen-Hytaý maýa goýum forumynyň tanyşdyrylyşy geçirildi

13-nji martda Pekin şäherinde şu ýylyň 28–30-njy aprelinde Aşgabatda geçiriljek Türkmen-Hytaý maýa goýum forumynyň tanyşdyrylyşy boldy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi...