Şawkat Mirziýoýew: “Serdar Berdimuhamedowy asylly ogul, halkyň ynamyny gazanan Lider hökmünde tanaýarys”

  • 22.09.2022 10:49
  • 17k+

Prezident Serdar Berdimuhamedowy doglan güni mynasybetli gutlap, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew: “Sizi asylly ogul, dostlukly türkmen halkynyň beýik ynamyna, hormatyna mynasyp hakyky Lider hökmünde gowy tanaýarys we hormat goýýarys. Türkmenistanyň Baştutany hökmünde Siziň öňe sürýän sebit hem-de ählumumy ähmiýetli başlangyçlaryňyzyň dünýä bileleşigi tarapyndan giňden goldanylýandygy aýratyn kanagatlanma duýgusyny döredýär” diýip, öz hatynda belleýär.

Şu ýylyň iýul aýynda ýurdumyza amala aşyran döwlet saparyňyzy we Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitiniň çäklerinde geçiren gepleşiklerimizi ýakymly duýgular bilen ýatlaýaryn. Biz bilelikdäki tutanýerli tagallalarymyz hem-de geljekde geçirjek ýokary derejedäki duşuşyklarymyz esasynda soňky ýyllarda dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, strategik hyzmatdaşlyk ruhunda barha pugtalanýan yzygiderli gatnaşyklarymyzy has-da ösdürip bileris” diýip, özbek Lideri gutlag hatynda Prezident Serdar Berdimuhamedowa durmuşyndaky unudylmajak şatlykly sene bilen tüýs ýürekden gutlaýar.


19.06.2026 10:10
3.5k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

17.06.2026 11:11
1.4k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

03.06.2026 23:15
3.9k+

Özbegistanda hususy teatrlar we kino önümçiligi salgytlardan boşadyldy

Özbegistanda kino pudagyny we döredijilik ulgamyny goldamagyň täze çäreleri durmuşa geçirilýär. Şolaryň hatarynda hususy teatrlara, kinematografiýa pudagyna hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň ýurduň çäginde......

26.05.2026 19:02
7.5k+

Saparmyrat Atabaýew Karshi Open-2026 halkara ýaryşynyň ilkinji üçlügine girdi

Türkmen grossmeýsteri Saparmyrat Atabaýew Özbegistanda tamamlanan Karshi Open-2026 halkara küşt ýaryşynda üçünji ýeri eýeledi....