Özbegistanda 2023-nji ýyldan tax free ulgamy giriziler

  • 21.09.2022 14:18
  • 10k+

Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew degişli edaralara 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan daşary ýurtly syýahatçylar üçin tax free ulgamyny girizmegi tabşyrdy. Bu barada Mirziýoýewiň metbugat sekretary Şerzod Asadow habar berdi diýip, centralasia.media belleýär.

“Duty free we tax free ulgamlaryny girizmek baradaky karara gol çekilenden bäri üç ýylyň geçendigine garamazdan, gijikdirmelere ýol berilýär. Bu ulgamlar 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan doly güýje girizilmeli” – diýlip, respublikanyň baştutany giriş we içerki syýahatçylygy ösdürmek boýunça wideo maslahatynda eden çykyşynda belledi. Asadow prezidentiň giriş syýahatçylygy ösdürmäge päsgel berýän ähli çäklendirmeleri gözden geçirmegi tabşyrandygyny belledi.

Metbugat sekretarynyň maglumatlaryna görä, şeýle-de degişli edaralara daşary ýurtly syýahatçylaryň wagtlaýyn hasaba alnyşyny onlaýn habarnama tertibine geçirmegi tabşyrdy.


düýn 09:50
3.9k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
4.9k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
5.5k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......

22.06.2026 00:59
7.4k+

Hytaýda «hiç ýere gitmeýän kruizler» başlandy

Şanhaýda deňiz dynç alşynyň täsin görnüşi — «hiç ýere gitmeýän syýahatlar» ýola goýuldy. «Xinhua Net» agentliginiň habar bermegine görä, bu saparlarda gämi hiç bir porta girmän, üç günden soň ýene ýola çykan......