«Aziýanyň çagalary» we Yslam raýdaşlygy oýunlarynda ýeňiji bolan türkmen türgenleri sylaglanyldy

  • 01.09.2022 10:56
  • 12k+

31-nji awgustda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň «Sport» myhmanhanasynda iri halkara sport ýaryşlarynda ― Russiýa Federasiýasynyň Wladiwostok şäherinde geçirilen «Aziýanyň çagalary» atly VII halkara sport oýunlarynda, şeýle-de Türkiýe Respublikasynyň Konýa şäherinde guralan V Yslam raýdaşlygy oýunlarynda baýrakly orunlary eýelän türkmen türgenlerini sylaglamak dabarasy boldy.

Açylyş dabarasynyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar ― Hökümet agzalary, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy we Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary, milli parlamentiň palatalarynyň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary Diýarymyzyň sport ulgamynda ýetilen sepgitleri, gazanylan üstünlikleri açyp görkezýän sergi bilen tanyşdylar. Bu ýerde medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlaryna hem giň orun berildi.
Çäräniň başynda döwlet Baştutanynyň halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň türgenlerine iberen Gutlagy okaldy. Soňra ýeňijileri sylaglamak dabarasy boldy. Şolaryň hatarynda Lebap welaýatynyň Dänew etrabyndaky 26-njy orta mekdebiň okuwçysy Sabina Kasymjanowa, Daşoguz welaýatynyň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň agyr atletika mekdebiniň tälimçisi Gülnabat Kadyrowa, Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň 6-njy sport mekdebiniň agyr atletika boýunça tälimçisi Kristina Şermetowa, «Olimp» orta sport mekdebiniň okuwçysy Umyt Kakalyýew, Türkmenistanyň kikboksing boýunça milli ýygyndy toparynyň türgeni Serdar Mämmedow bar. Türgenlere dabaraly ýagdaýda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyndan, şeýle-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň gymmat bahaly sowgatlary gowşuryldy.
Ýeri gelende bellesek, Russiýanyň Wladiwostok şäherinde geçirilen «Aziýanyň çagalary» VII halkara sport oýunlarynda 13 döwletden 1355 türgen sportuň 19 görnüşi boýunça güýç synanyşdy. Türkmenistanyň ýygyndy topary bu ýaryşlarda jemi 16 medala (2 altyn, 3 kümüş, 11 bürünç) mynasyp boldy.
Türkiýäniň Konýa şäherinde geçirilen V Yslam raýdaşlygy oýunlary hem türkmen sportunyň taryhyny täze ýeňişler bilen bezedi. Milli ýygyndy toparymyzyň türgenleri bu iri sport baýramçylygynda jemi 23 medala mynasyp bolup, ýurdumyzyň medallar gaznasynyň üstüni 4 altyn, 6 kümüş, 13 bürünç bilen ýetirdiler.

düýn 23:07
4.3k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
3.5k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
6.5k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.9k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......