KHBS: “Barselona” maliýe “feýr-pleýini” bozandygy üçin Çempionlar ligasyndan aýrylyp bilner

  • 24.08.2022 18:41
  • 21k+

Ýewropanyň Futbol assosiasiýalarynyň birleşigi (UEFA) Ispaniýanyň “Barselona” klubuny maliýe “feýr-pleýini” bozandygy üçin Çempionlar ligasyna gatnaşmakdan çetleşdirip biler. Bu barada “The Times” gazeti habar berdi diýip, TASS belleýär.

Çeşmäniň maglumatlaryna görä, UEFA sentýabr aýynda 2020-nji ýyldan 2021-nji ýyl aralygynda maliýe “feýr-pleýiniň” düzgünlerini bozan on klub üçin sanksiýalar barada yglan etmäge taýýarlanýar. “Barselonadan” başga-da, bu sanawa “PSŽ”, “Ýuwentus”, “Inter” we “Roma” girdi.
Şu tomus “Barselona” goragçylar Andreas Kristensen we Žýul Kunde, ýarym goragçylar Rafinýa we Frank Kessýe, hüjümçi Robert Lewandowskiý geçdi. Transfermarkt portalynyň maglumatlaryna görä, bu transferler klub üçin 153 mln ýewro düşdi. Şol bir wagtyň özünde “Barselonanyň” ýolbaşçylygy häzire çenli Kundeni Ispaniýanyň çempionatyna gatnaşmak üçin hasaba alyp bilenok. “As” gazetiniň maglumatlaryna görä, katalon kluby ony hasaba almak üçin töleg sanawnamasynda, takmynan, 20 mln ýewro boşatmaly.
Ispaniýanyň çempionatynyň häzirki möwsüminde “Barselona” dört utuk gazanyp, iki tapgyryň jemi boýunça bäşinji orny eýeleýär. Geçen möwsüm “Barselona” milli çempionatda ikinji bolup, 6-njy sentýabrda başlajak Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyrynda çykyş etmäge hukuk gazandy.
Maliýe “feýr-pleýi” 2011-nji ýyldan bäri hereket edýär. Düzgüne laýyklykda, UEFA-nyň howandarlygynda geçirilýän ýaryşlara gatnaşmaga hukuk gazanýan klublaryň beýleki klublaryň, öz oýunçylarynyň, sosial we salgyt gulluklarynyň öňünde häzirki möwsüm üçin möhleti geçen maliýe borçnamalary bolmaly däl.


düýn 10:53
7.2k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

04.06.2026 23:46
6k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......

04.06.2026 23:02
4.8k+

Alibaba bilen hyzmatdaşlyk UEFA-nyň hemaýatkärlik girdejilerini ýylda 1 milliard ýewro çenli ýokarlandyrar

Ýewropa futbol assosiasiýalarynyň bileleşigi (UEFA) Hytaýyň Alibaba Group tehnologiýa holdingi bilen maksatnamalaýyn ylalaşyga gol çekdi. 2033-nji ýyla çenli möhletli bu şertnama guramanyň ýyllyk hemaýatkärlik......

04.06.2026 00:17
10k+

«Barselona» «Realyň» prezidenti Florentino Peresi kazyýete berdi

«Barselona» futbol kluby Madridiň «Real» toparynyň prezidenti Florentino Peresiň üstünden kazyýete şikaýat etdi. Kataloniýanyň kluby madridli telekeçiniň kemsidiji we göwne degiji sözleri üçin jogap bermegini......