«Mançester Siti» Holandyň klubdaky birinji ýyly üçin «Borussiýa D» hiç zat tölemez

  • 23.08.2022 13:30
  • 10k+

«Mançester Siti» norwegiýaly hüjümçi Erling Holandyň öňki oýnan kluby bolan Dortmundyň «Borussiýasyna» onuň iňlis klubunda bolan birinji ýyly üçin hiç zat tölemez diýip, Dagbladet habar berýär.  

Çeşmäniň berýän habaryna görä, «ManSiti» 2023-nji ýylyň iýulyna çenli «dortmundlylara» ýeke ýewroda tölemez. Transferiň ähli bahasynyň tölegi dört bölege bölünip berler we 2026-njy ýyldan bärde üzlüşilmez. 22 ýaşly Holandyň owal oýnan norwerg klublary ("Molde" we "Brýune") hem öz paýlaryny alýançalar garaşmaly bolarlar. 
Transfermarkt portalynyň maglumatlary boýunça, Holandyň transferiniň bahasy 60 mln ýewro bolupdyr. Düzgün boýunça, oýunçy 12 ýaşdan 23 ýaşaýança onuň hukugyna eýe bolan klublar futbolçynyň soňraky transferleriniň bahasyndan 5%-ni almalydyr. Şonuň üçinem "Molde", "Brýune" we "RB Zalsburg" Holandyň "Borussiýadan" "Mançester Sitä" geçmeginden pul gazanýarlar.


düýn 14:15
9.5k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

22.06.2026 15:58
12k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

22.06.2026 13:42
5.7k+

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......

21.06.2026 15:42
8.4k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......