Taýger Wuds golf boýunça täze liga geçmegi üçin hödürlenen 800 mln dollardan ýüz öwürdi

  • 02.08.2022 19:49
  • 8k+

Ady rowaýata öwrülen amerikaly golfçy Taýger Wuds Saud Arabystany tarapyndan maliýeleşdirilýän LIV Golf Series golf-seriýasyna gatnaşmak teklibini ret etdi. Bu barada LIV Golf Series-iň ýerine ýetiriji direktory Greg Norman habar berdi diýip, Bi-bi-si onuň sözlerini getirýär.

Golfyň  ozalky professional oýunçysy we dünýä reýtinginiň lideri Normanyň sözlerine görä, bu ýaryşlara gatnaşmak üçin Wudsa 700-800 mln dollar töweregi pul hödürlenipdi.
Norman şeýle diýýär: "Elbetde, eger siz oňatdan oňadyny çagyrjak bolsaňyz,  bu san takmynan şol töwerek bolýar. Başdanam olar Taýgere,  men heniz ýerine ýetiriji direktor bolmankam, ýüz tutupdylar".
46 ýaşly Wudsyň özi dünýäde golfyň iň öňdebaryjy guramasy bolan PGA wepalylygyny saklap galdy. Amerikaly türgeniň sözlerine görä, "köp oýunçylar üçin uzakmöhletli geljekde munuň ýaly ädim oňyn bolar diýip hasaplamaýar".

düýn 23:07
4.3k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
3.5k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
6.5k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.9k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......