Twitter kompaniýany Maska satmak boýunça paýdarlaryň ses berlişigini geçirer

  • 28.07.2022 08:18
  • 7.7k+

Adybir sosial tory bolan amerikan Twitter kompaniýasy 2022-nji ýylyň 13-nji sentýabrynda ýörite ýygnak geçirer. Onda paýdarlar mikrobloglar hyzmatyny telekeçi Ilon Maska bermek baradaky geleşigiň mundan bu ýanky ykbaly bilen bagly meseläni sese goýarlar.

Bu barada paýdarlara ugradylyp, nusgasy sişenbe güni ABŞ-nyň Gymmatly kagyzlar we biržalar boýunça iş toparynyň saýtynda çap edilen habarda aýdylýar.

"Ýörite ýygnak 2022-nji ýylyň 13-nji sentýabrynda geçiriler (...). Ýörite ýygnakda sizden (...) X Holdings I, Inc bilen goşulyşmak babatynda 2022-nji ýylyň 25-nji aprelindäki ylalaşygy we meýilnamany makullamak hakyndaky teklip boýunça ses bermegi haýyş ederler" - diýip habarda aýdylýar. 

Hatda kompaniýanyň "Jenap Mask bilen ylalaşylan bahalar we şertler boýunça  geleşigi ýapmaga razydygy", kompaniýanyň direktorlar geňeşiniň paýdarlara telekeçi bilen geleşige razy diýip ses bermegi  maslahat berýändigi nygtalýar.
Aprelde Twitteriň ýolbaşçylary sosial tory Maskyň 44 mlrd dollara satyn almak isleýändigini habar beripdiler. Maý aýynda telekeçi Twitterde galp we köpçülige ýollanýan mahabat habarlary üçin ulanylýan hasap ýazgylarynyň  umumy sanyň 5 %-digini tassyklaýan maglumaty almaga synanyşýandygyny mälim edipdi. 
Iýulyň başynda Maskyň ýuristleri telekeçiniň Twitteri satyn almakdan boýun gaçyrýandygy barada  kompaniýany  habarly edipdi. 


düýn 19:53
1.7k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

16.06.2026 23:19
2.3k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

15.06.2026 12:34
1.6k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......