Türkmenistanda täze kanunlaryň birnäçesi kabul edildi

  • 25.07.2022 09:01
  • 40k+

23-nji iýulda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň ýedinji mejlisi geçirildi. Onda Milli Geňeşiň Mejlisiniň 16-njy iýulda geçirilen on dokuzynjy maslahatynda kabul edilen Kanunlar makullanyldy. Mejlisiň işine köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.

Çykyşlarda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasarynyň, şeýle hem komitetleriň ýolbaşçylarynyň çykyşlary diňlenildi. Olarda Kanunlaryň her biri boýunça netijenama berildi.

Ilki bilen, Milli Geňeşiň Mejlisinde kabul edilen “Elektron hökümet hakynda” Kanun ara alnyp maslahatlaşyldy. Çykyş edenler bu resminamanyň döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli ulgamlaryny sanlylaşdyrmak boýunça alnyp barylýan syýasaty nazara alyp, “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň” durmuşa geçirilmegine ýardam bermek maksady bilen işlenip taýýarlanylandygyny bellediler. «Itçilik we kinologiýa işi hakynda» Kanun ara alnyp maslahatlaşylanda, onuň türkmen alabaýlarynyň seçgiçiligini ösdürmek, bu täsin tohumy mundan beýläk-de kämilleşdirmek, milli we umumadamzat medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi hökmünde dünýäde wagyz etmek boýunça ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli işlerdäki ähmiýeti nygtaldy.

Şunuň bilen bir hatarda, Halk Maslahatynyň agzalary hereket edýän kanunçylygy kämilleşdirmäge degişli birnäçe kadalaşdyryjy hukuk resminamalaryna garadylar. Şolaryň hatarynda «Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksine üýtgetme girizmek hakynda», «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Feldýeger aragatnaşygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna üýtgetme girizmek hakynda», «Gümrük gullugy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda», «Korrupsiýa garşy hereket etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda», «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunyna goşmaça we üýtgetmeler girizmek hakynda», «Türkmenistanyň Gümrük kodeksine goşmaçalar girizmek hakynda», «Awtomobil ýollary we ýol işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Demir ýol ulagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda», «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adynyň Düzgünnamasyna üýtgetme we goşmaça girizmek hakynda» hem-de «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary bar.

Mejlisiň dowamynda beýleki möhüm meselelere-de garaldy. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň ýedinji mejlisinde ara alnyp maslahatlaşylan Kanunlar biragyzdan makullanyldy hem-de degişli Kararlar bilen berkidildi.


08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.5k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......