Magnus Karlsen çempionlyk ugrundaky oýna gatnaşmakdan ýüz dönderdi

  • 22.07.2022 23:50
  • 9.4k+

Norwegiýaly grossmeýster Magnus Karlsen dünýäniň küşt täjini almak ugrundaky ýaryşda russiýaly Ýan Nepomnýaşşiý bilen duşuşykdan ýüz öwürdi diýip, Lenta.ru ýazýar.

Şeýlelikde, 31 ýaşly norwegiýaly türgen titulyny goramakdan boýun gaçyrdy. Russiýaly grossmeýster Madridde geçen bäsdeşleriň turnirinde gazanan ýeňşiniň netijesinde küşt täji ugrundaky ýaryşa gatnaşmaga hukuk gazanypdy.
2021-nji ýylyň dekabrynda Karlsen dünýäniň çempiony adyny almak ugrundaky bäsleşikde Nepomnýaşşini utupdy. Norwegiýaly türgen russiýaly küştçini 7,5:3,5 hasap bilen ýeňipdi. Dünýä çempionatynyň aýgytlaýjy oýnunda rus grossmeýsteriniň ýeňlişe sezewar bolmagy 1993-nji ýyldan bäri iň uly utulyş boldy.
32 ýaşly Nepomnýaşşiý - Ýewropanyň 2010-njy ýyldaky çempiony, Russiýanyň iki gezek çempiony. Ol Russiýanyň ýygyndysynyň düzüminde dünýäniň toparlaýyn çempionatynda  iki gezek ýeňiş gazandy.

düýn 23:00
680

«Liwerpul» «Enfildiň» golaýynda Diogu Žotanyň hatyrasyna ýadygärlik goýar

«Liwerpul» futbol kluby Ispaniýada awtoulag heläkçiliginde aradan çykan toparyň oýunçysy Diogu Žota we onuň dogany Andre Teýşeýra da Silwa bagyşlanan «Forever 20» («Ebedi 20») atly ýadygärligi tanyşdyrdy....

düýn 19:36
2.4k+

Kýurasaonyň ýygyndysyny Dünýä çempionatyna ahyrsoňunda Dik Adwokat äkider

Meşhur niderlandly hünärmeni Dik Adwokat futbol boýunça Kýurasaonyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine dolanyp gelýär....

düýn 09:28
2.8k+

Usman Dembele yzygider ikinji ýyl Liga 1-iň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň futbolçylar bileleşigi (UNFP) «Pari Sen-Žermen» toparynyň hüjümçisi Usman Dembeleni Fransiýanyň Liga 1-inde 2025/2026 möwsümiň iň gowy oýunçysy diýip ykrar etdi. Futbolçy bu baýragy bassyr ikinji......

12.05.2026 23:00
10k+

Janköýerler Ronaldunyň milli ýygyndydaky iň soňky bolmagy ähtimal duşuşygy üçin 2500 dollar töleýärler

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda Portugaliýa we Kolumbiýa ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşygyň petekleriniň bahasy «Superboulyň» nyrhlaryndan hem geçdi. Bu Olaryň şeýle uly gyzyklanmasynyň sebäbi, bu oýnuň......