Ispaniýa we Portugaliýa DÇ – 2030 üçin stadionlary bellediler

  • 11.07.2022 20:34
  • 11k+

Ispaniýa bilen Portugaliýa 2030-njy ýyldaky dünýä çempionatyny geçirmek üçin bilelikdäki arzany tabşyrmakçy bolýar. Iki ýurtdan 14 stadion hödürlener diýip, championat.com belleýär.

Ýaryş üçin Ispaniýanyň futbol boýunça dünýä çempionatyny kabul etmäge hukugy bolan 14 meýdançasy bar. Ispaniýanyň esasy ýurt hökmünde çykyş edýändigi, Portugaliýadan bolsa meýilleşdirilen 14 stadiondan üçüsiniň boljakdygy bellärliklidir. Ýagny, Lissabondan iki meýdança we Portudan hem biri bolar diýip, “Marca” habar berýär.
Portugaliýa “Da Luş”, “Dragau” we “Žoze Alwalade” stadionlaryny hödürleýär. Ispaniýa arza üçin “Santýago Bernabeu”, “Wanda Metropolitano”, “Kamp Nou”, “Kornelýa”, “La Kartuha”, “San Mames”, “Mestalýa”, “Riazor”, “El Molinon”, “La Romareda”, “Reale Arena”, “La-Rosaleda”, “Gran-Kanariýa” we “La-Kondomina” stadionlaryny göz öňünde tutýar.
Şeýle-de, Ispaniýada Madrid, Barselona, Sewilýa, Malaga, Bilbao, La-Korunýa, Hihon, Walensiýa, Saragosa, Las-Palmas, Mursiýa we San-Sebastýan şäherleri dünýä çempionatynyň oýunlaryny geçirmäge isleg bildirdi. Ilkinji iki şäher iki stadiondan hödürleýär. 


düýn 23:00
933

«Liwerpul» «Enfildiň» golaýynda Diogu Žotanyň hatyrasyna ýadygärlik goýar

«Liwerpul» futbol kluby Ispaniýada awtoulag heläkçiliginde aradan çykan toparyň oýunçysy Diogu Žota we onuň dogany Andre Teýşeýra da Silwa bagyşlanan «Forever 20» («Ebedi 20») atly ýadygärligi tanyşdyrdy....

düýn 19:36
2.4k+

Kýurasaonyň ýygyndysyny Dünýä çempionatyna ahyrsoňunda Dik Adwokat äkider

Meşhur niderlandly hünärmeni Dik Adwokat futbol boýunça Kýurasaonyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine dolanyp gelýär....

düýn 09:28
2.9k+

Usman Dembele yzygider ikinji ýyl Liga 1-iň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň futbolçylar bileleşigi (UNFP) «Pari Sen-Žermen» toparynyň hüjümçisi Usman Dembeleni Fransiýanyň Liga 1-inde 2025/2026 möwsümiň iň gowy oýunçysy diýip ykrar etdi. Futbolçy bu baýragy bassyr ikinji......

12.05.2026 23:00
10k+

Janköýerler Ronaldunyň milli ýygyndydaky iň soňky bolmagy ähtimal duşuşygy üçin 2500 dollar töleýärler

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda Portugaliýa we Kolumbiýa ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşygyň petekleriniň bahasy «Superboulyň» nyrhlaryndan hem geçdi. Bu Olaryň şeýle uly gyzyklanmasynyň sebäbi, bu oýnuň......