Türkmen zyýaratçylary Mekge-Medinä ugradylar

  • 03.07.2022 11:05
  • 23k+

2-nji iýulda türkmen zyýaratçylary Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken resminamasyna laýyklykda, “Türkmenhowaýollary” gullugy tarapyndan guralan ýörite uçar gatnawy bilen Saud Arabystany Patyşalygyna haj parzyny berjaý etmäge ugradylar.

Musulmanlaryň esasy baýramlarynyň biri bolan Gurban baýramynyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň ähli welaýatlaryna we paýtagtymyza wekilçilik edýän watandaşlarymyz bütin dünýäniň zyýaratçylarynyň millionlarçasy bilen bir hatarda, şu sahawatly günlerde mukaddes Käbä tagzym etmek we beýleki dessurlary berjaý etmek üçin Mekgede hem-de Medinede bolarlar.
Zyýarata gidýänler, ilki bilen, paýtagtymyzyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän «Ärtogrul gazy» metjidine geldiler. Bu ýerde zyýaratçylara haj parzyny berjaý etmegiň düzgünleri we olaryň ugurlary barada gürrüň berildi. Şeýle hem bu ýerde zyýaratçylar agzybirlikde öýle namazyny okadylar. Soňra ýurdumyzyň zyýaratçylary bu ýerden Parahat 7 ýaşaýyş toplumynyň çäginde ýerleşýän «Hezreti Omar» metjidine tarap ugradylar. 
Zyýaratçylar “Hezreti Omar” metjidinden ak mermerli paýtagtymyzyň Halkara howa menziline geldiler. Bu ýerde Mekge-Medinä gidýän zyýaratçylaryň haj parzyny berjaý etmekleriniň we çäräniň üstünlikli geçmeginiň hatyrasyna sadaka berildi.
Goý, Beýik Biribar türkmen zyýaratçylaryny öz penasynda aman saklasyn! Doga-dilegleriňiz Gudraty Güýçli Allatagalanyň dergähinde kabul bolsun, hormatly watandaşlar!


08.06.2026 17:48
6.5k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

08.06.2026 12:12
3.3k+

Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2030-njy ýyla çenli Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda alnyp barylýan işlere erkekleriň we aýallaryň deň derejede gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen döwlet Baştutany Karara......

07.06.2026 10:07
3.2k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......

06.06.2026 14:40
2.5k+

Aşgabatda konsertler we sergi bilen Azerbaýjanyň medeniýet günleri geçirilýär

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy....