Iýuldan başlap «Türkmenistan» awiakompaniýasy Russiýa hepdede 4 gezek uçuş edip başlady

  • 02.07.2022 08:40
  • 45k+

Iýuldan başlap «Türkmenhowaýollary» Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky gatnawlaryň sanyny hepdede dört gezege çenli köpeltdi diýip, awiakompaniýanyň Russiýa Federasiýasyndaky wekilhanasynyň saýtynda habar berilýär.

Gatnawlar Aşgabadyň Halkara howa menzilinden Moskwanyň Domodedowo howa menziline we Kazan şäheriniň Halkara howa menziline amala aşyrylar.Moskwadan yzyna gaýdýan uçarlar Türkmenbaşy şäherine, Kazandan gelýänler bolsa Türkmenabat şäherine gonar.

Aşgabat-Kazan-Türkmenabat gatnawlary şu aşakdaky tertipde ýerine ýetiriler:

  • her çarşenbe güni Aşgabatdan uçýan wagty 14:55, Kazana gonýan wagty 16:30, Kazandan uçýan wagty 18:30, Türkmenabada gonýan wagty 23:30;
  • her ýekşenbe güni Aşgabatdan uçýan wagty 20:30, Kazana gonýan wagty 22:05, Kazandan uçýan wagty 23:35, Türkmenabada gonýan wagty 04:45.

Aşgabat-Moskwa-Türkmenbaşy gatnawlary şu aşakdaky tertipde ýerine ýetiriler:

  • her sişenbe güni Aşgabatdan uçýan wagty 19:25, Moskwa gonýan wagty 21:15, Moskwadan uçýan wagty 22:45, Türkmenbaşa gonýan wagty 04:15;
  • her penşenbe güni Aşgabatdan uçýan wagty 07:35, Moskwa gonýan wagty 09:25, Moskwadan uçýan wagty 10:55, Türkmenbaşa gonýan wagty 16:25.

Russiýadan gaýdýan gatnawlara awiapetegi «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Sankt-Peterburgdaky baş agentliginden (8(812)4599899; mob.tel. +79119300080, avia@itmgroup.ru), ýa-da Moskwanyň Domodedowo howa menziliniň kassasyndan satyn alyp bolar.


08.06.2026 15:19
5.5k+

Türkmenistanda howa maglumaty: hepdäniň başy we ahyry ýagyşly bolar

Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy Türkmenistanda şu hepde (8–14-nji iýun) bolmagyna garaşylýan howa barada maglumat berdi....

25.05.2026 17:25
4k+

«Birlik» – üpjün edijiler we alyjylar üçin ykjam witrina

Ýörite işgär hakyna tutmazdan ýa araçy gözlemän, satuwlary köpeltmegiň ugruny gözleýäňizmi? «Birlik» — bu ýurdumyzdaky müňlerçe lomaý alyjylara (marketlere, dükanlara, toý mekanlaryna, kafelere, otellere…)......

25.05.2026 11:42
8.2k+

Maýyň soňky günleri Türkmenistanda ýagynly we yssy bolar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi....

22.05.2026 16:52
4.2k+

Onlaýn Hyzmat — biznesde: indi kart we QR-kod arkaly tölegleri kabul edip bolýar

Türkmen hünärmenleriniň «Onlaýn Hyzmat» ykjam goşundysy biznes üçin mümkinçiliklerini giňeldýär: indi ulgama diňe bir şahsy ulanyjylar däl, eýsem telekeçiler — dükanlar, serwisler we onlaýn platformalar hem......