На выездном заседании подведены итоги поездок президента в Марыйский и Лебапский регионы

  • 20.06.2022 10:05
  • 23k+

18-nji iýunda Prezident Serdar Ber­dimuhamedow Mary we Lebap welaýatlaryna toý saparlaryny tam­amlap, Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menziliniň maslah­atlar zalynda Minist­rler Kabinetiniň giň­işleýin göçme mejlis­ini geçirdi. Mejlis­iň gün tertibine ýur­dumyzy durmuş-ykdysa­dy taýdan ösdürmek bilen bagly ilkinji nobatdaky wezipeler girizildi.

Döwlet Baştutany me­jlisi açyp, Mary we Lebap welaýatlarynda toý saparlarynyň çä­klerinde galla orag­ynyň barşy bilen tan­şylandygyny aýtdy. Hormatly Prezident daýhanlar bilen duşuş­yklarda hem-de söhbe­tdeşliklerde olara bugdaý hasylyny tabş­yrmak boýunça şertna­malaýyn borçnamalary­ny ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi.

Döwlet Baştutany Ser­dar Berdimuhamedow öňde durýan meýilnama­lara ünsi çekip, Tü­rkmenistanyň Prezide­ntiniň 2022 — 2028-n­ji ýyllarda ýurdumy­zy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Mak­satnamasy taýýarlany­landa, sebitleri du­rmuş-ykdysady taýdan depginli ösdürmek, olaryň ykdysady kuw­watyny pugtalandyrma­k, sanly tehnologiýa­lary giňden ornaşdyr­mak, raýatlaryň ýaş­aýyş-durmuş derejesi­ni has-da ýokarlandy­rmak arkaly mähriban halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmek boýunça çäreleriň göz öňünde tutulmal­ydygyny belledi.

Soňra döwlet Baştuta­ny Ministrler Kabine­tiniň Başlygynyň oru­nbasary M.Muhammedo­wa ýüzlenip, welaýat­laryň durmuş-ykdysady ösüşini ýokarlandy­rmak, türkmenistanl­ylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak we tä­ze iş orunlaryny dör­etmek boýunça işleriň sazlaşykly utgaşdy­rylmalydygyny nygta­dy. Hormatly Prezide­nt Ministrler Kabine­tiniň Başlygynyň äh­li orunbasarlaryna pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaş­çylary bilen bileli­kde gurulýan desgala­ryň bellenen möhletl­erde ulanmaga beril­megini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutany Min­istrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasarlaryna ýüzl­enip, häzirki döwürde ýurdumyzda obasena­gat toplumyna dünýä­niň ösen tejribesini ornaşdyrmak, bu ugu­rda halkara derejeli hünärmenleri taýýa­rlamak, ýer we suw serişdelerini tygşytl­amakda täzeçil tehn­ologiýalary öwrenmek boýunça daşary ýurt­laryň öňdebaryjy ko­mpaniýalary bilen hy­zmatdaşlygy ýola goý­magy tabşyrdy. Munuň özi ýurdumyzyň dün­ýäniň ösen döwletleri bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde hem-de özara tejribe alyşmak wezipelerin­iň netijeli ýerine ýetirilmeginde ähmiý­etlidir diýip, horma­tly Prezident belled­i.


02.05.2026 08:13
2.5k+

Туркменистан примет участие в крупных мероприятиях в Казани, Лондоне и Баку

В мае представители Туркменистана примут участие в ряде крупных международных мероприятий. Об этом в пятницу на заседании Правительства по цифровой системе отчитался вице-премьер, министр иностранных дел Рашид......

01.05.2026 23:15
9.7k+

В Кабмине подвели итоги социально-экономического развития Туркменистана за январь–апрель 2026 года

Президент Сердар Бердымухамедов провел по цифровой системе заседание Кабинета министров, на котором были подведены итоги работы отраслей национальной экономики за первые четыре месяца 2026 года. Об этом......

30.04.2026 16:01
3.1k+

Президент Туркменистана принял главу МИД Сейшел

Президент Сердар Бердымухамедов принял министра иностранных дел и диаспоры Сейшельских Островов Барри Фора, прибывшего с визитом в Ашхабад....

29.04.2026 15:09
1.4k+

В МИД Туркменистана подвели итоги внешнеполитической деятельности с начала года

28 апреля министр иностранных дел Туркменистана Рашид Мередов провёл брифинг, посвящённый основным событиям международной деятельности страны с начала года. Об этом сообщили в пресс-службе внешнеполитического......