«Berkarardaky» MAVI, KOTON we KOTON KIDS dükanlary täze harytlaryna 10% arzanladyş yglan etdi

  • 13.06.2022 19:22
  • 14k+

«Berkarar» söwda-dynç alyş merkeziniň 2-nji gatynda ýerleşýän MAVI, KOTON we KOTON KIDS dükanlary tomus möwsümi üçin egin-eşikleriň hem-de aksessuarlaryň täze tapgyrynyň gelendigini mälim edýär. Dünýä belli brendleriň Türkmenistandaky resmi dükanlary täze gelen harytlaryň ählisine 10% arzanladyş yglan edýär.

1991-nji ýylda esaslandyrylan «Mavi» brendiniň bu günki gün dünýäniň 35 döwletinde 5500-den gowrak dükany bar. «Mavi» brendiniň Aşgabatda «Berkarar» SDAM-da ýerleşen dükanyna täze gelen tomus egin-eşikleriň hatarynda esasan kupalnikler we erkekler üçin futbolkalar bolup, olardan başga-da köýnekler, jinsiler, aksessuarlar bar. «Mavi» dükanynda erkekler hem-de zenanlar üçin bölümiň bardygyny ýatladýarys.
Dünýä belli «Koton» türk brendi hem Aşgabatdaky resmi dükanynda egin-eşikleriniň hem-de aksessuarlarynyň tomusky kolleksiýasyny täzeledi we 10% arzanladyş yglan etdi. Täze gelen önümleriň hatarynda esasan aksessuarlar, köýnekler, sumkalar, şeýle hem futbolkalar, kombinezonlar, ýubkalar, kupalnikler, içki eşikler, jinsiler bar. GDA, Ýewropa we Ýakyn Gündogar ýurtlarynda giň meşhurlyga eýe bolan «Koton» brendiniň bu günki gün 25 ýurtda jemi 455 sany resmi dükany hereket edýär. Galyberse-de, bu brendiň önümlerini onlaýn görnüşde islendik ýurtdan sargyt etmek mümkin.
«Berkarardaky» «Koton kids» dükany hem täze tomus kolleksiýasyna 10% arzanladyş yglan etdi. Täze gelen kolleksiýa esasan şortikler we futbolkalar, şeýle hem çaga jinsileri, köýnekler, joraplar, komplektler girýär.

Salgysy: «Berkarar» söwda-dynç alyş merkeziniň 2-nji gaty, MAVI, KOTON, KOTON KIDS dükanlary
Habarlaşmak üçin telefon belgileri:
MAVI: +99361643987
KOTON KIDS: +99361643985
KOTON: +99361643996

şu gün 11:49
2.9k+

Türkmenistanda howa maglumaty: bahar paslynyň oýny

Şu hepde meteorologlar Türkmenistanda hepdäniň başynyň ýagyşly we şemally boljakdygyny çaklaýar. Emma hepdäniň ikinji ýarymy gurak we maýyl bolar....

01.04.2026 18:38
11k+

Toyota-nyň Türkmenistandaky resmi dilerleri täze sepgide ýetdiler

2025-nji ýylda «Toyota» Türkmenistanda taryhy netije gazandy – kompaniýanyň resmi distribýutory «Toyota Central Asia FZE» tarapyndan satylan ulaglaryň möçberi ähli döwürleriň görkezijisi bilen deňeşdirilende,......

31.03.2026 12:06
1.6k+

«Ýönekeý» Hytaýda okamak isleýänlere CSCA synagyna taýýarlyk görmäge ýardam berýär

«Ýönekeý» kompaniýasy dalaşgärlere CSCA (China Scholastic Competency Assessment) synagyny üstünlikli tabşyrmaga ýardam berdi. Bu synag 2026-njy ýyldan başlap Hytaýyň ýokary okuw jaýlaryna okuwa girmek üçin......

30.03.2026 11:13
12k+

Hepdelik howa maglumaty: aprel aýy ýagyş bilen gelýär

Türkmenistanda aprel aýy temperaturanyň peselmegi bilen başlar. Meteorologiýa gulluklarynyň berýän maglumatlaryna görä, 1-nji aprel gijesinden 2-nji apreliň säherine çenli ýurduň ähli ýerinde ýagşa garaşylýar,......