Basketbolçy Lebron Jeýms dollar milliarderi boldy

  • 04.06.2022 20:00
  • 8.4k+

"Los-Anželes Leýkers" milli basketbol assosiasiasynyň klubynyň oýunçysy Lebron Jeýms dollar milliarderi boldy. Bu barada Forbes habar berýär diýip, Gazeta.ru-a salgylanýan Trend habar berýär. Türgen Milli basketbol assosiasiasynyň milliarder bolmak nesip eden, şu wagtam oýnaýan ilkinji oýunçysydyr. 

Basketbol dünýäsiniň ikinji dollar milliarderiniň "Çikago Bullz"-yň ozalky oýunçysy, bu çägi 2014-nji ýylda boýun egdiren Maýkl Jordandygyny ýatladýarys.
Lebron Jeýms  iki gezek olimpiýa çempiony we dört gezek Milli basketbol assosiasiasynyň çempiony hasaplanýar. Geçen möwsümde "Leýkers" pleý-off-a çykyp bilmedi. Şeýlelikde, Jeýms Milli basketbol assosiasiasynyň düzümindäki 19 ýyllyk  karýerasynyň dowamynda pleý-off-yň diňe dördünji seriýasyny duşundan geçirdi.  

düýn 23:07
4.6k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
3.5k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
6.6k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.9k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......