UEFA Çempionlar ligasynyň finalynyň topuny görkezdi

  • 25.05.2022 18:41
  • 13k+

UEFA-nyň metbugat gullugy 28-nji maýda Parižde geçiriljek Çempionlar ligasynyň finalynyň resmi topuny görkezdi. Bu barada inoprosport.ru habar berýär.

Bu top ýaryşyň tehniki hemaýatkäri – Adidas kompaniýasy tarapyndan hödürlendi. Onda Adidas-yň we Çempionlar ligasynyň logotipleri bilen ýyldyzlar, şeýle-de rus we iňlis dillerinde “Parahatçylyk” (“МИР” we “PEACE”) ýazgysy ýerleşdirilipdir. 
Öň, UEFA Russiýanyň klublaryny we dürli ýaşdaky milli ýygyndylary ýewrokubok ýaryşlarynyň indiki möwsümine gatnaşmakdan çetleşdirdi.
Çempionlar ligasynyň aýgytly oýnunda “Real” bilen “Liwerpul” duşuşar. Oýun Aşgabat wagty bilen sagat 0:00-da başlar. 
“Liwerpul” ýaryşyň ýarym finalynda “Wilýarrealy” utdy, “Real” bolsa iki duşuşygyň netijesinde “Mançester Sitiden” üstün çykdy.


şu gün 15:58
257

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

şu gün 13:42
1.8k+

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......

düýn 15:42
7.6k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......

20.06.2026 20:28
13k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......