Gurbanguly Berdimuhamedow KazanSummit 2022 ykdysady sammitinde çykyş etdi

  • 19.05.2022 21:03
  • 11k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Kazana Tatarystanyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň çagyrmagy boýunça Wolžsk Bulgariýasynyň yslamy kabul etmeginiň 1100 ýyllygyna bagyşlanylan baýramçylyk çärelerine we KazanSummit 2022-niň umumy mejlisine gatnaşmak üçin penşenbe güni bardy.

Türkmen parlamentiniň ýokary palatasynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow KazanSummit 2022 XIII Halkara ykdysady sammitde çykyş edip, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasy bilen özara gatnaşyklaryna uly üns berdi.

– Tatarystan ykdysady, söwda, maýa goýum, ynsanperwer ulgamlarda döwletara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine gönükdirilen ençeme taslamalaryň, teklipleriň däp boýunça başyny başlaýjy we öňe ilerledijisi bolup çykyş edýär—diýip, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy diýip, Tatarystanyň Prezidentiniň saýty habar berýär.

– Şeýle işlere häzir aýratyn isleg bildirilýär. Ol gadymy asyrlardan bäri rus-yslam ösen dünýäsiniň medeniýetiniň döredilen we baýlaşan, Russiýanyň hem-de musulman ýurtlaryň dünýägaraýşynyň we ruhy ýakynlygynyň kemala gelen binýadyny gorap saklamaga hem-de berkitmäge gönükdirilendir – diýip, Berdimuhamedow nygtady.

Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistan bilen Tatarystanyň arasyndaky gatnaşyklaryň soňky wagtda täze derejä çykandygyny belledi. Türkmenistanda Tatarystanyň “KAMAZ”, “Tatneft”, “KER-holding”, Kazan dikuçar zawody ýaly iri kompaniýalary özüni gowy tarapdan tanatdylar.

Aşgabat Tatarystan we bu Respublikanyň hususy kompaniýalary bilen özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmegi maksat edinýär diýip, Berdimuhamedow aýtdy.

düýn 19:01
1.2k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

düýn 18:54
4k+

Nvidia bazar bahasy 5,5 trillion dollara ýeten taryhda ilkinji kompaniýa boldy

Nvidia bazar bahasyny (kapitalizasiýasyny) 5,5 trillion dollardan geçiren taryhda ilkinji jemgyýetçilik kompaniýasy boldy....

13.05.2026 22:54
2k+

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......

13.05.2026 22:49
5.5k+

Narendra Modi hindistanlylary bir ýyllap altyn satyn almazlyga çagyrdy

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi halka ýüzlenip, iň bolmanda bir ýyl möhlet bilen altyn satyn almakdan saklanmaga çagyrdy. Hökümet baştutanynyň pikiriçe, bu çäre dünýä ykdysadyýetindäki durnuksyzlyk......