Ukraina «Ýewrowideniýe – 2022» aýdym-saz bäsleşiginde ýeňiş gazandy

  • 15.05.2022 15:35
  • 18k+

“Ýewrowideniýe – 2022” aýdym-saz bäsleşiginiň finalynda Ukrainanyň Kalush Orchestra topary ýeňiji boldy. Baýrak alanlaryň üçlügine Beýik Britaniýa bilen Ispaniýa hem girýär. Bu barada BBC News habar berdi.

“Stefania” aýdymy tomaşaçylaryň ses bermeleriniň netijesi yglan edilenden soň birinji orny eýeledi. Solist Oleg Psýuk bu aýdymy öz ejesine, şeýle-de öz çagalaryny uruş belasyndan goraýan ähli aýallara bagyşlady. Bu ýyl bäsleşik Italiýanyň Turin şäherinde geçirildi. 
Kalush 2019-njy ýylda döredilen rep-topary bolup, onuň ady Ukrainanyň Iwano-Frankowsk welaýatynyň Kaluş şäheriniň ady bilen baglanyşyklydyr.
Ukrainanyň prezidenti Wladimir Zelenskiý topary aýdym-saz bäsleşiginde ýeňiş gazanmagy bilen gutlady.
Tomaşaçylaryň we emin agzalarynyň ses bermeleriniň umumy netijesine görä, Ukraina 631 bal bilen ýeňiş gazandy. Ikinji orny 466 bal bilen Beýik Britaniýa eýeledi. Bu ýurtdan “Space Man” aýdymy bilen aýdymçy Sem Raýder çykyş etdi. Üçünji orny Ispaniýa – aýdymçy Şanel “SloMo” aýdymy bilen eýeledi. 
Şeýle-de, ýeňijileriň bäşligine Şwesiýa we Serbiýa girdi. Şwesiýadan “Hold Me Closer” aýdymy bilen aýdymçy Korneliýa Ýakobs, Serbiýadan “In Corpore Sano” kompozisiýasy bilen Konstrakta çykyş etdi. 


14.03.2026 12:33
2.6k+

Italiýa 30 million ýewro Karawajonyň eserini satyn aldy. Onda kimiň keşbi bar?

Italiýa döwleti XVII asyryň meşhur suratkeşi Karawajonyň (Mikelanjelo Merizi) galamyndan çykan «Monsinýor Maffeo Barberininiň portreti» atly eserini 30 million ýewro satyn aldy. Takmynan 1598-nji ýylda çekilen bu polotno, hünärmenleriň pikiriçe, ýurduň aýry-aýry sungat eserine eden iň uly maýa goýumlarynyň biri boldy...

08.03.2026 13:18
3.7k+

Alymlar çepbekeýleriň bäsdeşlige has meýillidiginiň sebäbini tapdylar

Näme üçin boks, gylyçlaşmak ýa-da tennis boýunça çempionlaryň arasynda çepbekeýler has köp duş gelýär? Täze ylmy barlaglar munuň sebäbiniň fiziki ukyplarda däl-de, eýsem psihologiýada ýatandygyny görkezdi. Scientific Reports ylmy žurnalynda çap edilen netijelere görä, köplenç çepbekeýler bäsdeşlige has meýilli bolýarlar...

02.02.2026 22:13
2.8k+

Wenesiýada karnawal geçirilýär

Wenesiýada däp bolan karnawal dowam edýär. Bu ýylky dabara üçin, açylyşy 6-njy fewrala meýilleşdirilýän Milandaky gyşky Olimpiýa oýunlary bilen utgaşykly «Olimp — oýunlaryň gözbaşy» diýen şygar saýlanyp alyndy...

27.01.2026 16:11
6.8k+

Görjege bir pursat wagtlaýyn rugsat: da Winçiniň freskasy ilkinji gezek köpçülige görkeziler

Milanda italýan suratkeşi Leonardo da Winçiniň (1452-1519) seýrek duş gelýän freskasy ilkinji gezek köpçüligiň synlamagy üçin elýeterli bolar. Artnet News neşiriniň habar bermegine görä, bu eser Sfortsa galasynyň Zale delle Asse otagynyň potologynda çekilen...