Apple kompaniýasy iPod çykarmagyny bes edýär

  • 13.05.2022 08:55
  • 7.4k+

Apple amerikan korporasiýasy iPod aýdym-saz pleýerini çykarmagyny bes edýär. Bu barada korporasiýanyň saýtynda habar berilýär. 

“20 ýyldan gowrak wagt ozal peýda bolan iPod aýdym-sazyňy ýola alyp gitmek mümkinçiligi bilen dünýädäki ulanyjylary özüne çekmegi başardy. Häzirki wagtda bu mümkinçilik Apple-iň ähli önümler hataryna birikdirildi. Apple Music programmasynyň üsti bilen ulanyjylar üçin 90 milliondan gowrak aýdym we 30 müň pleýlist elýeterli” – diýlip, beýannamada aýdylýar.

Kompaniýa häzire çenli iPod-yň ýüz millionlarça adama aýdym-sazy elýeterli edendigini we olary diňlemegiň hem-de ýaýratmagyň usullaryny üýtgedip, aýdym-saz pudagyna täsirini ýetirendigini belleýär. 

“iPod-yň ruhy ýaşamagyny dowam eder. Biz onuň funksiýasyny iPhone-dan başlap, Apple Watch sagatlaryna, Mac noutbuklaryna, iPad planşetlerine we Apple TV wideogurluşlaryna çenli ähli gurluşlarymyza girizdik. Apple Music serwisi bolsa “Giňişlik audiosy” funksiýasy bilen ýokary hilli sesi üpjün eder” – diýip, Apple-iň halkara marketing boýunça uly wise-prezidenti Greg Joswiak belledi.

Kompaniýa iPod pleýerini heniz bar wagty Apple saýty arkaly ýa-da resmi dükanlarda satyn alyp boljakdygyny habar berýär. 

Öň, Apple kompaniýasynyň geçen çärýegiň jemi boýunça girdejisiniň geçen ýylky görkeziji bilen deňeşdirilende 9% ýokarlanandygy mälim boldy. Muny kompaniýanyň hasabaty delillendirýär. 26-njy martda tamamlanan üç aýlyk hasabat döwründe kompaniýanyň girdejisi 97,278 mlrd dollara barabar boldy. 


27.02.2026 19:22
1.2k+

App Store dükanynda ulanyjylaryň ýaşyny tassyklaýan täze ulgamlar işe girizildi

Beýleki köp sanly iri kompaniýalaryň mysalyna eýerip, Apple dürli döwletleriň we sebitleriň kanunçylyk talaplaryna laýyk gelmek maksady bilen App Store dükanynda ulanyjynyň ýaşyny barlaýan ýörite gurallary işe girizdi...

27.02.2026 15:17
1.7k+

Apple düzüminde ýekeje işgäri bolan invrs.io startapyny satyn aldy

Apple kompaniýasy Ýewropanyň invrs.io startapyny satyn aldy. Bu geleşigiň iň gyzykly tarapy — startapda ýekeje adam işleýär, olam onuň esaslandyryjysy Martin Şubert. Indi ol öz işini Apple-de dowam etdirýär. Bu şertnama üçin amerikan kompaniýasynyň näçe pul çykarany mälim edilmedi...

20.02.2026 11:20
1.9k+

Kameraly äýnekler, akylly tumarlar we täze AirPods: Apple-yň geljekki meýilnamalary

Bloomberg agentliginiň synçysy Mark Gurman Apple kompaniýasynyň emeli aň goldawy bolan täze dakynylýan enjamlaryň üstünde işleýändigini habar berdi. Kompaniýa Siri ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeltmek üçin ähli täze enjamlary kameralar bilen enjamlaşdyrmagy meýilleşdirýär...

20.02.2026 10:14
344

Apple Music-de indi ýakyndaky konsertleri tapyp bolar

Apple kompaniýasy iOS 26.4 täzelenmesi bilen Apple Music hyzmatyna birnäçe möhüm funksiýalary goşýar. Bu täzelenmeler ulanyjylara söýgüli aýdymçylaryna has ýakyn bolmaga we emeli aňyň kömegi bilen täze sazlar dünýäsini açmaga mümkinçilik berer...