Maýda Türkmenistanyň iki ýokary okuw mekdebi halkara internet olimpiadalaryny geçirýär

  • 30.04.2022 18:58
  • 24k+

Şu ýylyň 17-nji maýynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň guramagynda iňlis dili dersi boýunça I halkara internet olimpiadasyny, 20-nji maýda bolsa Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň guramagynda materiallaryň garşylygy dersi boýunça açyk internet olimpiadasyny geçirmek meýilleşdirilýär.

29-njy aprelde geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer S.Toýlyýewiň hasabatynda nygtalyşy ýaly, nu olimpiadalary ýokary derejede geçirmek maksady bilen, degişli işler dowam edýär. Olara daşary döwletleriň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary hem gatnaşarlar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow halkara derejeli bilim bäsleşiklerini yzygiderli geçirmegiň möhümdigini, munuň ýurdumyzyň zehinli ýaşlaryny ýüze çykarmak bilen birlikde, Ýer ýüzüniň ýokary okuw mekdepleri bilen göni gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna-da ýardam etjekdigini nygtady we hödürlenen teklipleri makullap, wise-premýere halkara internet olimpiadalarynyň ýokary derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.


düýn 20:41
1.6k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.7k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......