Ahalyň täze edara ediş merkezinde işleýän hünärmenleriň sany artdyrylar

  • 29.04.2022 12:33
  • 20k+

28-nji aprelde Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde geçirilen Hökümetiň göçme mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow şäheriň gurluşygynda işleýän hünärmenleriň sanyny artdyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Hususan-da, döwlet Baştutany Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekowa, aýry-aýry desgalaryň gurluşygyny gysga wagtda tamamlamak maksady bilen, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň gözegçiliginde goşmaça işçi güýjüni çekmek, hünärmenleriň sanyny artdyrmak babatda anyk tabşyryklary berdi.

Serdar Berdimuhamedow şäheriň bezeg işleri bilen bagly hem käbir meseleler barada aýdyp, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýewe Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary bilen bilelikde bu ugurda degişli işleri alyp barmagy tabşyrdy.


düýn 22:17
1.7k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
4.8k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

22.06.2026 16:02
1.2k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......