Angola dünýäniň kofe bazaryna dolanýar

  • 17.04.2022 05:30
  • 7.9k+

Angolanyň kofesi global bazara gaýdyp baryp, öňdebaryjy orny eýelemek isleýär. Ýurduň kofeni ösdürip ýetişdirmäge ýöriteleşen sebitlerinde önümçilik giňeýär. Gözlegler paýtagtyň gündogaryndaky oba hojalyk sebitinde ýerleşen Café Cazengo kompaniýasynyň çalt ösýändigini görkezýär. Bu tutuş bir kofe ýurdy bolup, onuň merkezleriniň biri Kikulungo şäheridir. 

Kompaniýanyň täjirçilik müdiri Kamila Paula kolonial döwürde Kikulungonyň ykdysady ösüşiniň hereketlendirijisiniň hut kofe bolandygyny aýdýar. Şäher kofe üçin ýygnalan pul bilen guruldy. Häzirki wagtda eksport, esasan ABŞ-a gidýär, ýöne kompaniýanyň kofeni islendik ýurda sargyt etmäge mümkinçilik berýän internet dükany bar.  

Kamila Paula Angola Braziliýadan geldi. XIX asyrda bu ýerde braziliýaly adam kofeni ösdürip başlaýar. 1970-nji ýyla çenli bu ýerde ýylda, takmynan, million tonnanyň dörtden biri öndürildi. Bu önümçilige zyýan ýetiren raýatlyk urşy 20 ýyl mundan ozal tamamlandy we indi Angola kem-kemden dikelip başlady.

Angolada kofe hasylynyň ýarysyna golaýy 25 müň kiçiräk firmada öndürilýär. Galan ýarysyny 500 sany iri hojalyklar öndürýär. Kamilanyň aýtmagyna görä, Café Cazengo kompaniýasy öz üpjün edijilerine hasyllylygy ýokarlandyrmaga we fermerleriň durmuş derejesini gowulandyrmaga kömek edýär. 

Öndürijiler Angolanyň ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça BMG bilen ÝB-niň bilelikdäki maksatnamasyndan hem kömek alýarlar. Maksatnamada esasy üns ýurduň JIÖ-niň 13%-ini emele getirýän oba hojalygyny ösdürmäge gönükdirilýär. 

düýn 19:01
1.2k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

düýn 18:54
4.1k+

Nvidia bazar bahasy 5,5 trillion dollara ýeten taryhda ilkinji kompaniýa boldy

Nvidia bazar bahasyny (kapitalizasiýasyny) 5,5 trillion dollardan geçiren taryhda ilkinji jemgyýetçilik kompaniýasy boldy....

13.05.2026 22:54
2k+

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......

13.05.2026 22:49
5.5k+

Narendra Modi hindistanlylary bir ýyllap altyn satyn almazlyga çagyrdy

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi halka ýüzlenip, iň bolmanda bir ýyl möhlet bilen altyn satyn almakdan saklanmaga çagyrdy. Hökümet baştutanynyň pikiriçe, bu çäre dünýä ykdysadyýetindäki durnuksyzlyk......