Bellatoryň ýolbaşçysy UFC bilen bilelikde ýaryş geçirmäge taýýardygyny mälim etdi

  • 16.04.2022 13:35
  • 9k+

Bellatoryň ýolbaşçysy Skott Koker UFC-niň promouşeni bilen bilelikdäki, iki guramadan hem iň oňat pälwanlaryň gatnaşjak turnirini geçirmäge taýýardygyny mälim etdi.

«Hemme zat olara bagly. Eger olar razy bolsalar – biz muňa diňe begeneris» diýip, Bloody Elbow Kokeriň sözlerini getirýär. Onuň sözlerine görä, şunuň ýaly turnirleri geçirmek UFC-niň biznes-modeline girmeýär. Şeýle-de bolsa, Koker haçanam bolsa bir wagt UFC-niň baştutany Deýn Uaýt bilen bu tema boýunça gepleşikleriň geçiriljekdigini aýtdy. Po Koker Bellatorda dürli agram derejesindäki güýçli pälwanlaryň çykyş edýändigini, UFC-de dört ýylyň dowamynda göreşen Gegard Musasiniň hem şolaryň biridigini aýtdy.

Häzir UFC-niň sanawynda birinji ýerde ýarym agyrlyk agramda çempion guşagynyň eýesi Kamaru Usman durýar. Bellatoryň birleşen sanawynda öňdeligi ýarym ýeňil agramdaky Eý Jeý Makki eýeleýär.


18.06.2026 22:41
6.9k+

Islam Mahaçew UFC 330-da Ien Gerri bilen tutluşykda çempionlyk guşagyny gorar

UFC-niň ýarym orta agram derejesindäki häzirki çempiony Islam Mahaçew indiki söweşini diwizionyň reýtingindäki birinji belgili Ien Maçado Gerri bilen geçirer. Ýakynlaşýan söweş barada UFC-niň metbugat gullugy......

17.06.2026 17:46
13k+

Döwletjan Ýagşymyradow PFL NY ýaryşynda Simeon Pawelle garşy urşar

Garyşyk başa-baş söweş sungatynyň (MMA) türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow özüniň indiki duşuşygyny 31-nji iýulda Nýu-Ýorkda PFL NY ýaryşynda geçirer. Onuň garşydaşy ýarym agyr agramda PFL reýtinginiň......

16.06.2026 08:32
13k+

Arman Sarukýan amerikaly Jastin Getjiniň ýeňşine $1 mln goýup, $5,7 mln utdy

UFC-niň söweşijisi Arman Sarukýan UFC Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygynda Jastin Getjiniň Iliýa Topuriýadan üstün çykmagyna pul goýup, 5,7 million dollar utuş gazandy....

15.06.2026 15:55
10k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......