Toyota kompaniýasy meşhur Crown sedanyny krossowere öwrer

  • 16.04.2022 12:30
  • 13k+

Toyota kompaniýasy häzirki wagtda meşhur sedana degişli bolan “Crown” ady bilen krossower çykarar. Bu barada kompaniýanyň meýilnamalary bilen tanyş üç çeşmä salgylanyp, Reuters agentligi habar berýär.

“Gibrid, birikdirilýän gibrid we doly elektrik görnüşinde hödürlenjek krossower sarp edijileriň sedanlardan ýüz öwürýändigi sebäpli, Crown-y bazaryň tendensiýalaryna laýyk getirmek synanyşygyny görkezýär” – diýip, agentligiň söhbetdeşleri Toyota-nyň model hatarynda 67 ýyl bäri bar bolan modeli üýtgetmegiň zerurlygyny belleýärler.

Crown krossoweriniň gibrid görnüşiniň satuwynyň 2023-nji ýylda başlamagyna garaşylýar. Şeýle-de, ony Hytaýa, Demirgazyk Amerika we beýleki ýurtlara eksport etmek meýilleşdirilýär. Crown sedanlary hem çykarylmagyny dowam etdirer.
Toyota Crown sedany Toyota-nyň model hatarynda iň könesidir, ol 1955-nji ýyldan bäri öndürilýär. Ilkibaşda bu awtomobil takside ulanmak üçin döredildi, ýöne soňlugy bilen Ýaponiýada we onuň çäginden daşarda hususy eýeleriň arasynda meşhurlyga eýe boldy. 2018-nji ýyldan bäri Toyota Crown-yň eýýäm 15-nji nesli çykarylýar.


25.04.2026 15:15
1.3k+

Toyota ýakyn geljekde RAV4 krossoweriniň elektrik wersiýasyny çykarmagy meýilleşdirmeýär

Toyota kompaniýasy, platformasynyň tehniki mümkinçiliklerine garamazdan, özüniň iň meşhur krossoweri bolan RAV4-i elektrik çekişe geçirmegi meýilleşdirmeýär....

22.04.2026 17:24
3.2k+

Toyota Polşanyň Wroslaw şäherinde sanly merkez açdy

Toyota Motor Europe Polşanyň Wroslaw şäherinde Ýewropadaky Toyota we Lexus awtomobilleri üçin programmalary işläp düzjek sanly merkeziň açylandygyny yglan etdi....

11.04.2026 11:57
7.8k+

Toyota-nyň inženerleri Land Cruiser 250 ulagyny ogurlap bolmaz ýaly etdiler

Toyota kompaniýasy Land Cruiser 250 (Prado) wnedorožnigini täzeledi we ogurlykdan goragyny güýçlendirmäge ünsi jemledi. Model birnäçe goşmaça wariantlary, şeýle hem ogurlanmak töwekgelçiligini azaltmaga......

31.03.2026 09:18
4.8k+

Toyota oturgyçlaryndaky kemçilik sebäpli ýarym milliondan gowrak ulagyny yzyna çagyrýar

Toyota kompaniýasy yzky oturgyçlaryndaky kemçilik sebäpli Hytaýda ýarym milliondan gowrak awtoulagyny yzyna çagyrýandygyny yglan etdi. Bu barada Hytaýyň kadalaşdyryjy edarasyna salgylanyp, Reuters agentligi......