Mejlisde täze kanunçylyk namalarynyň taslamalaryna garalýar, raýatlaryň teklipleri öwrenilýär

  • 15.04.2022 07:23
  • 24k+

Häzirki wagtda Mejlisde döredilen iş toparlarynda ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň tekliplerine seljerme geçirilýär, Raýat, Zähmet kodeksleriniň rejelenen görnüşleriniň taslamasyny taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Hereket edýän kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça kanun taslamalary işlenip taýýarlanylýar.

14-nji aprelde Awazada geçirilen Hökümetiň göçme mejlisinde Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowanyň habar berşi ýaly, Mejlisiň şu ýylyň 2-nji aprelinde geçirilen on ýedinji maslahatynda kabul edilen birnäçe kanunlaryň taslamalary Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň garamagyna iberildi.

Bellenilişi ýaly, Mejlisiň deputatlary, şol sanda Balkan welaýatyndan saýlanan deputatlar öz saýlaw okruglarynda saýlawçylar, obalaryň we şäherleriň ýaşaýjylary bilen yzygiderli duşuşýarlar, ýurdumyzda hereket edýän kanunlary düşündirýärler, adamlaryň pikirlerini, tekliplerini öwrenýärler. Şunuň bilen baglylykda, 6 — 8-nji aprelde Milli Geňeşiň, hukuk goraýjy edaralaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň we beýleki guramalaryň wekilleri Balkan welaýatynda iş saparynda bolup, wagyz-nesihat duşuşyklaryny geçirdiler.


27.06.2026 19:38
5.3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......