Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň 14 ýyllygy sergi we maslahat bilen belleniler

  • 01.04.2022 10:51
  • 5k+

12-13-nji aprelde ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygy mynasybetli sergi geçiriler. Oňa görülýän taýýarlyk işleri barada Hökümetiň 31-nji martdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjowyň hasabatynda aýdyldy.

Hususan-da, şol sergide TSTB-niň dürli ulgamlarda işleýän agzalarynyň 200-den gowragy geçen döwürde gazanan üstünliklerini görkezer. Sergi bilen ugurdaşlykda geçiriljek maslahatda türkmen telekeçileriniň gazanan üstünlikleri we täze wezipeleri, hususan-da, innowasion tehnologiýalary, sanly ulgamlary ornaşdyrmak, Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda hususy ulgamy ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeler ara alnyp maslahatlaşylar. Şoňa görä-de, birleşmäniň döredilmeginiň 14 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çäreleriň iş meýilnamasynyň taslamasy hödürlenildi.


03.06.2026 15:06
4.4k+

Türkmen telekeçileri Buharestdäki awtosalona çagyrylýar

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy ýurdumyzyň telekeçilerini Rumyniýanyň paýtagty Buharest şäherinde 6-njy oktýabrdan 11-nji oktýabr aralygynda geçiriljek «Bucharest Auto Show & Accessories 2026» 23-nji......

24.03.2026 16:33
7.5k+

Türkmenistan Belgraddaky EKSPO — 2027 üçin pawilýon gurmak boýunça gaýtadan bäsleşik yglan etdi

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi Belgrad şäherinde geçiriljek EKSPO — 2027 Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisi üçin milli pawilýonyň taslamasyny düzmek we gurmak boýunça gaýtadan halkara bäsleşigini yglan etdi...

17.03.2026 18:15
2.7k+

Ýurdumyzyň hususy pudagynyň wekilleri öz mümkinçilikleri bilen tanyşdyrýar

Şu gün, 17-nji martda Türkmenistanyň söwda-senagat edarasynda giň gerimli sergi öz işine başlady. Bu sergi Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygyna bagyşlanýar. Serginiň...

31.01.2026 02:46
2.5k+

Aşgabatda geçiriljek sergä Türkiýäniň 100-e golaý kompaniýasy gatnaşar

Şu ýylyň fewral aýynda paýtagtymyzda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisini geçirmek meýilleşdirilýär. Bu çärä gatnaşmak üçin Türkiýäniň dürli ugurlarda ýöriteleşen 100-e golaý kompaniýasy hasaba alyndy...