Tesla barlaglar üçin, beýleki kompaniýalara garanda, üç esse köp çykdajy çykarýar

  • 30.03.2022 17:09
  • 6.6k+

StockApps.com kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, 2021-nji ýylda  öz öndüren bir sany awtoulagynyň barlagy üçin Teslanyň sarp eden puly 2984 dollara barabar bolupdyr. Bu çykdajy Forda, GM-a we Chrysler-e garanda üç esse köpdür. Dogry, bir möhüm bellemeli zat bar - hasaplamalar hut öndürilen awtoulaglardan çen alyp çykarylandyr

Şu ýerde, Teslanyň geçen ýyl 963 müň ulag satandygyny bellemek gerek. Deňeşdirsek, Fordyň 2021-nji ýylda  ýerlän diňe F-seriýaly pikaplarynyň özi 603 müňden gowrak boldy. Şonuň üçinem çykdajylary absolýut sanlarda deňeşdirmek asla dogry bolmazdy. 

Şeýle-de bolsa, StockApps.çom-yň beýleki maglumatlary hasam gyzykly. Mysal üçin, Tesla 2021-nji ýylda adaty mahabat üçin asla pul sarp etmedi. Şunlukda, pudagyň ortaça görkezijisi satylan bir awtoulag üçin 485 dollar boldy.

Meselem, 2021-nji ýylda Forduň her satylan awtoulag üçin mahabata we marketinge sarp eden puly 468 dollar, Toyotanyňky bolsa 453 dollar boldy. GM bilen Chrysler degişlilikde 394 we 664 dollar çykdajy etdiler.

Şonuň bilen birlikde, Tesla sosial setlerde we habar beriş serişdelerinde, beýleki awtoulag brendlerine garanda, köp agzalýar. Ýöne şol agzalmalaryň aglaba bölegi uly meşhurlykdan peýdalanýan Ilon Maskyň ady bilen baglanyşyklydyr.  


düýn 23:24
677

BMW bilen Porsche-niň öňki inženerleri Xiaomi-niň Ýewropadaky dizaýn merkezinde işlärler

Xiaomi kompaniýasy Mýunhen şäherinde dizaýn we işläp düzüş merkezini açdy. Bu barada Pekinde geçirilen awtosalonyň dowamynda yglan edildi. Taslamanyň toparyna mundan ozal BMW we Porsche kompaniýalarynyň......

11.05.2026 16:03
1.3k+

Tesla kompaniýasy Model S-iň we Model X-iň önümçiligini bes etdi

Tesla kompaniýasy resmi taýdan öz meşhur modelleriniň — Model S sedanynyň we Model X krossoweriniň önümçiligini bes etdi. Soňky awtoulaglar Fremont konweýer liniýasyndan çykaryldy we bu brendiň taryhyndaky......

06.05.2026 15:47
5k+

Tesla-nyň Fremontdaky zawodynda Model X-iň soňky nusgasy ýygnaldy

Tesla kompaniýasynyň Fremontdaky zawodynda Model X elektrik krossoweriniň taryhda iň soňkusy ýygnaldy....

02.05.2026 11:52
5k+

Tesla Cybercab-y köpçülikleýin çykaryp başlady: ulag önümçilikden çykyp duralga özi baryp durýar

Tesla kompaniýasy Tehasdaky Gigafactory zawodynda iki orunlyk, doly awtonom Cybercab elektromobiliniň köpçülikleýin önümçiligine resmi taýdan başlady....