Çempionlar ligasyna gatnaşyjylary seçip almak düzgünleri üýtgedilip bilner

  • 28.03.2022 19:39
  • 16k+

Ýewropa klublary assosiasiýasynyň agzalary täze çemeleşmäniň girizilmegine basyş etmek isleýärler, oňa laýyklykda Çempionlar ligasyna, UEFA-nyň klub sanawyndaky ýerine görä, iki topar düşer diýip, Guardian habar berýär.

Eger agzalan üýtgeşmäni durmuşa ornaşdyrmak başartsa, onda Ýewropanyň ligasy zolagynda milli çempionatlarda ýer alan ýa-da ýurduň kubogyny alan klublar has abraýly turnire düşmek üçin şol iki ygtyýarnama ugrunda dalaş ederler. Olaryň nesibesi soňky bäş möwsümiň dowamynda eden çykyşlaryna bagly bolar — sanawda hut şeýdibem hasap çykarylýar.
Iňlis neşiriniň habar berşi ýaly, reglamente üýtgeşme girizmek meselesi eýýäm ýörite iş topary tarapyndan ara alnyp maslahatlaşyldy we geljek hepde UEFA-nyň baş assambleýasynda orta goýulsa gerek.


düýn 15:47
4.1k+

«Bawariýa» 21-nji gezek Germaniýanyň Kubogyny gazandy. Bu ýaryşyň rekordy

Germaniýanyň Kubogynyň «Bawariýa» we «Ştutgart» toparlarynyň arasynda geçirilen final duşuşygy tamamlandy. Bu oýunda Mýunheniň topary 3:0 hasabynda ynamly ýeňiş gazandy....

düýn 15:39
3.1k+

Maýkl Kerrik «Mançester Ýunaýtediň» baş tälimçisi wezipesine tassyklandy

«Mançester Ýunaýted» kluby Maýkl Kerrigiň toparyň baş tälimçisi wezipesine gutarnykly bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Ol mundan ozal bu wezipäni wagtlaýyn ýerine ýetiriji hökmünde alyp barýardy....

düýn 10:31
4.7k+

Arbeloa «Reala» kubok getirip bilmedi we wezipesinden gidýär

Ispaniýaly hünärmen Alwaro Arbeloa geçirilen metbugat maslahatynda möwsüm tamamlanandan soň, Madridiň «Real» futbol klubunyň baş tälimçisi wezipesinden gidýändigini mälim etdi....

23.05.2026 21:06
2.8k+

La Liga eminleriň işine baha bermek we olary bellemek üçin emeli aň ulanar

La Liga indiki möwsümden başlap, eminleriň işine baha bermek we oýunlara eminleri saýlap almak üçin emeli aň ulgamyny ornaşdyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada Madridde geçirilen ISDE Sports Convention 2026......